Döwletmämmet Azadynyň sungatdaky keşbi
1992-nji ýylda Türkmenistanyň halk suratkeşi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Aýhan Hajyýewiň döreden Döwletmämmet Azadynyň kanonik portretini çekmek baradaky döwlet bäsleşikde birinji orun berildi. Nakgaşlyk eseriniň merkezinde oýa batyp oturan akyldar şahyryň keşbi çekilip, onuň edebi mirasynyň we ylmy garaýyşlarynyň orny şöhlelendirilipdir. Döwletmämmet Azadynyň kanonik portreti diňe bir şahyryň daşky keşbini göz öňüne getirmäge dal-de, eýsem, onuň içki dünýäsine çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu eser Türkmenistayň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan sergide görkezilýär.
Döwletmämmet Azadynyň kanonik portreti 130x178 sm ölçegde bolup, kendiriň ýüzünde ýagly reňkler bilen ýerine ýetirildi.
2010-njy ýylda görnükli türkmen heýkeltaraşy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, halypa ussat Babasary Annamyradow Aşgabat şäherindäki “Ylham” seýilgähinde ýerleşýän Döwletmämmet Azadynyň heýkelini döredipdir. Onuň döreden çeper keşbinde şahyryň jemgyýetçilik we filosofik garaýyşlary görkezilýär. Göwrümleriň umumylaşdyrylmagy heýkeli has hem dabaralandyrýar. Döwletmämmet Azadynyň ady döwlet we daşary ýurt dilleri boýunça hünärmen taýýarlaýan Türkmen milli dünýä diller institutyna we Arkadag şäherindäki Ahal welaýat kitaphanasyna dakyldy.
Döwletmämmet Azadynyň bürünç heýkeliniň boýy 250 sm-e deňdir.
Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň müdiri.