GÜÝZ MÖWSÜMINIŇ JOŞGUNY
Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ata Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz günsaýyn gülleýär-ösýär. Türkmen nakgaşlary dürli döwürlerde pasyllara görä birnäçe eserleri döredipdirler. Pasyllaryň arasynda güýz pasly has-da tapawutlanýar. Güýz pasly sungat adamlarynyň ýüreklerine ylham berýän pasyldyr. Her bir güliň ysy deň bolmaýşy ýaly pasyllar hem özüniň gözelligi bilen aklyňy haýrana goýýar, ýürekleri joşdurýan. Şahyrlar goşgy ýazýar, sazandalar saz çalýar, bagşylar aýdym aýdýar, şekillendiriş sungatynyň ussatlary bolsa tebigatyň gaýtalanmajak reňk sazlaşykly gözelligini kagyzdyr kendiriň ýüzünde şekillendirýärler. Güýzüň gelmegi tebigatyň hakyky häsiýeti özüniň reňk baýlygy, ýagny daş töweregiň dürli reňkler bilen şöhle saçmagy bilen döredijilik adamsyny joşdurýar.
Her bir paslyň özüne mahsus gözelligi, reňk öwüşgünleri bolýar. Şeýle gözelligi döredip ony halka ýetirýän hem şekillendiriş sungatynyň ussat suratkeşleridir. Öz gezeginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň mugallymy Hudaýberdiýew Maksat we “Grafika” kafedrasynyň mugallymy Berdiýew Kerim güýz paslynda ýurdumyzyň owadan künjeklerine aýlanmagy maksat edindiler. Olar ýaňy-ýakynda öz işleriniň daşyndan Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Tutly gala obasyna surat çekmäne gitdiler. Olar bu ýerde türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly pyragynyň wasp eden daglaryny, narlaryny güýz paslynyň gözelligi bilen sazlaşdyryp nakgaşçylyk eserleriniň üsti bilen wasp etdiler. Gözel tebigatymyzyň waspy türkmen şekillendiriş sungaty edebiýat bilen baglanyşykda gelýär. Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragy hem Balkan daglaryny “Daglar” goşgysynda şeýle wasp edýär:
Garrygala myhman barsaň
Gujagyny geren daglar.
Soňydagy, çendir-hasar,
Müň hasraty gören daglar.
Güljeren Mämmedalyýewa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby