Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň 100 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahaty geçirildi
2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň halk suratkeşleri, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşginiň agzalary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň 100 ýyllygy mynasybetli döredijilik sergisi hem-de ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Adamzat jemgyýeti özüniň taryhynda beýlekilerden düýpli tapawutlanýan gymmatlyklary döredip, bütindünýä ruhy hem maddy medeniýetiniň hazynasyny kemala getiren, türkmen nakgaşçylygynyň beýik ussady Yzzat Gylyjowyň sungaty köpugurly we ajaýyp eserleriniň her birisi gaýtalap bolmajak, özboluşly pursatlary özünde jemleýän sungatdyr diýip, dabara gatnaşyjylar çykyşlarynda bellediler.
Yzzat Gylyjow turkmen şekillendiriş sungatynyň hakyky täzelikçisi. Onuň ähli döreden işleri doredijilik adamlary üçin nusgalyk mekdepdir. Türkmen sungatynyň dünýewi derejesine ýetmegi üçin uly işleri bitiren halypanyň döredijiligine syn edilse, mähirli enelerimiziň, owadan hem zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň nurana keşpleriniň köpdürlidigine göz ýetirýärsiň. Yzzat Gylyjowyň türkmen zenanlaryny yzygiderli beýan etmegi ýöne ýerden däldir. Sebäbi suratkeş öz halkynyň gelin-gyzlara goýýan hormatyny ýüregi bilen duýýar. Y.Gylyjowyň zenanlaryň durmuşyny janlandyrýan eserleri bolsa, suratkeşiň olara çäksiz sarpasynyň hem-de söýgüsiniň miwesidir diýip buýsançly bellediler.
Maslahatyň dowamynda XX asyryň 60-njy ýyllarynda türkmen tebigatynyň gözelligini, däp-dessurlaryny, ýaşaýyş durmuşyny, milli toýlaryny, dürli ýaşdaky adamlaryň içki dünýäsini, şatlygyny, buýsanjyny, begenjini öz mähiri, söýgüsi bilen sungata geçiren Yzzat Gylyjowyň döredijilikli ýaş nesiller üçin sungat mekdebi bolup hyzmat edýär diýip suratkeşiň döredijiligini açyp görkezdiler.
Many-mazmuna jemlenen maslahatyň ahyrynda türkmen milli sungatynyň ösmegine mynasyp goşant goşan halypalary ýaşlara ýetirip, olary täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrmak ugrunda bimöçber aladalaryny edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza jan saglyk, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirilýän işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Ogulsona Öwezmyradowa
Türkmenistanmyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby