Sungatyň ussatlary
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly – bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzda sungat ýoluny ösdürmek ugrunda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Mundan ugur alyp Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda talyp ýaşlarynyň, şeýle-de halypa mugallymlarynyň gatnaşmagynda döredijilikli bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Diňe bir okuw jaýymyzyň içinde däl-de eýsem medeni-köpçülik baýramçylykly çärelere gatanşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýaş suratkeşlerimiziň sergileri hem yzygiderli halk köpçüligine hödürlenýär.
Şeýle sergileriň biri-de 2023-nji ýylyň fewral aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Uçgun – 5” toparynyň ýerine ýetirmeginde döredijilikli sergi açyldy. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlary Begenç Berekeliýew, Gahryman Goçmyradow, Amanmyrat Modyýew, Mekan Nurýagdyýew, Rahman Rahmanow hem-de erkin suratkeş Döwran Heziretgulyýewiň belli saýlanan esereleri halka görkezildi. Ussat suratkeşlerimiziň hersiniň özboluşly stilleri, eserleriniň aýratynlygy bu serginiň has-da täsirli bolmagyny gazandy. Sergä gatnaşyjylar eserleri uly gyzyklanma bilen synlap ussat suratkeşlemize gutlag sözlerini aýdyp uly hoşallyk bildirdiler.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussat suratkeşleriniň her biriniň döreden eserleri görenleri haýrana goýdy. Ökde suratkeş bolmak hemme kişä başartmaýar, onuň üçin dynuwsyz zähmet gerekdir. Her bir suratkeş dünýägaraýşyna, şahsy mümkinçiligine görä ýoluny saýlap alýarlar. Sungat adamsynyň döredijilik ýolunyň çäksiz älemi hemişe kämilleşmek bilen bolýar. Suratkeşlemiziň döreden eserleriniň hersi özboluşly aýratynlyga eýedir.
B.Berkeliýew eserlerini adamlaryň durmuşy tebigat bilen aýrylmaz baglanyşygy esasynda ýerine ýetiripdir. Suratkeşiň “Tut” atly toplumlaýyn işi göräýmäne dürli tutlaryň şekilleri ýaly görünse-de onuň many mazmuny örän uludyr. Ussat suratkeş öz eserlerinde adamyň içki ruhy duýgusyny görkezmek isleýär. Halypa suratkeş G. Goçmyradow bolsa hakyky durmuşy gürrüň berýän täsin syrly suratlary bilen adamlaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Suratkeşiň iň naýbaşy eserleriniň biri milli “Görogly” eposyna degişlilikde “Beg Görogly” atly eseridir. Suratkeşiň “Beg Görogly” atly eserinde hem aşyklaryň ýaz paslynda özleriniň mukaddes söýgüsiniň güýjüni, bakylygyny görkezýär.
D.Hezretgulyýew esasan öz durmuşynda gözi bilen görüp lezzet alýan zatlaryny adamlar bilen paýlaşmagy halaýar. Suratkeş daşky tebigatyň gözelligini gülälekleriň we günebakarlaryň üsti bilen wasp etdi. Bu eserler suratkeşiň akyly bilen däl-de, ýüregi bilen düşündirilýär. Ussat suratkeşlerimiziň ýene-de biri A. Modyýewdir. Ol hem öz eserleriniň üsti bilen tebigatyň we olar bilen baglanyşykly jisimleriň mazmunyny özboluşly usullary bilen açyp görkezýär. Ussat suratkeşlerimiziň biri-de Mekan Nurýagdyýewdir. Suratkeş eserlerini özüne çekiji häsiýetde taryhy we durmuşy wakalary janlandyrmaga çalyşdy we ony ussatlyk bilen başardy. R. Rahmanowyň döredijilik ugry özboluşly aýtynlygy bolup ol tomaşaçyny beýan edýän wakasynyň syrly dünýäsine öz ugry bilen alyp gidýär. Suratkeşiň hyýaly düşünjeleri esasynda döredilen her bir eser tomaşaçynyň aňyna ýiti täsir edýär. Şeýle ussat uçgunlarymyzyň bilelikde sergi gurnamagy adamlaryň aňynda ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlaryň biri boldy.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby
Amangül Goçmyradowa