Tebigatyň waspçysy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ussat sungat işgärleriniň we halypalaryň biri Annadurdy Almämmedowdy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde açylan halypanyň şahsy sergisi we 85 ýaşy arka atan we ençeme şägirtleri ýetişdiren halypanyň döredijiligi barada döredijilik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedow, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Polat Garryýew, Jeren Baltaýewa we şol ýokary okuw mekdebiniň halypa we ýaş mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşykda suratkeşiň dürli ýyllaryň dowamynda döreden nakgaşlyk we grafika eserleriniň köp taraply döredijiliginiň özboluşlylygy barada gyzykly gürrüňler edildi. Halypanyň şekillendiriş sungatynyň portret, durmuşy, natýurmort, peýzaž žanrlary boýunça döredilen işlerinde reňkleriň sazlaşygy ýokary ussatlyk bilen beýan edilýär. Annadurdy Almämmedow öz işlerinde adamyň duýgularyna aralaşyp, öz döwürdeşleriniň portretlerini, gözel ülkämiziň tebigatyny, bereketli topragymyzyň baýlygyny şekillendirmegi ussatlyk bilen başarypdyr. Ol diňe bir reňkleriň çylşyrymly sazlaşygyny doly we dogry ulanmak bilen çäklenmän, eýsem, eserlerinde keşp täsirleriniň esasy serişdesini ýüze çykarmagy başarýan ussat suratkeşdir. Halypa öz eserlerinde suratyň tebigy bolmagyna we reňkleriň dürli öwüşgini bilen biri-birine bolan sazlaşygy döredýär hem-de hiç kimiňkä meňzemeýän öz döredijilik ýoluny ýöredýär.
Peýzaž halypanyň döredijiliginde esasy orny eýeleýän žanrdyr. Ussadyň köp sanly eserlerinde sada, ýygy-ýygydan üýtgeýän gündelik äheňli Gün şöhlesi peýzažlara özboluşly bezeg berýär. Açyk howada surat çekmek tebigatyň hakyky hereketiniň çalasynlygyny, reňk öwüşginleriniň üýtgeýşini, ýagty-howaly gurşawy, adam bilen tebigaty baglanyşdyrýan täsirleri görkezmäge mümkinçilik berýär. Tebigaty şahyrana beýan etmek A. Almämmedowyň döredijiliginiň esasy aýratynlygydyr. Suratkeş inçe şahyranalyk bilen daglar temasyna bagyşlap, döredijilik ýolunyň dürli döwürlerinde birnäçe ajaýyp eserleri döredýär. Olarda türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymgulynyň şygryýetiniň many-mazmunyny ruhy şöhlelendirýär.
Döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat halypamyz Annadurdy Almämmedow “Dag obasy”, “Meniň ýurdumyň baýlygy”, “84-ň bahary”, “Ak daglar”, “Harabaraçylykdan galkynan”, “Daglar”, “Gerkez obasy”, “Güneşli gün”, “Peýzaž”, “Dag etegi” ýaly nakgaşlyk eserlerini Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine sowgat berdi. Bu bolsa muzeý gaznasynyň baýlaşmagyna halypanyň uly goşandydyr. Ussadyň bu eserlerinde daglaryň giň ýaýylyp ýatan depeleri we owadan tebigaty öz beýanyny tapýar. Munuň özi giň gözýetimleri açyp görkezmek bilen, peýzažyň täsirini we ähmiýetini güýçlendirýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Annadurdy Almämmedow özüniň tebigat we durmuş bilen baglanyşykly eserlerinde bagtly pursatlary özüniň döredijiliginde adamlara berip bilýär. Ussadyň eserleri elmydama ýurdumyzyň muzeýleriniň we sergiler jaýlarynyň bezegi bolmak bilen, özüniň reňkleriniň sazlaşygy we owadanlygy bilen her bir tomaşaçyny şatlandyrar, Watanymyza bolan söýgüsiniň ösmegine we berkemegine ýardam berer.
Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.