Görnükli keramikaçy Dursunsolmaz Muhammedowanyň ýubileý sergisi
Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowa türkmen keramikasynyň görnükli ussadydyr. 2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda halypanyň 70 ýaşyna bagyşlanan ýubileý sergisi açyldy. Bu sergide suratkeşiň döredijilik ýolunyň dowamynda döredilen keramika we nakgaşlyk eserleri görkezilýär.
Şekillendiriş sungatynyň ilkinji endiklerini ol Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde G. Ussanepesowada alyp, tapawutlanan şahadatnama bilen tamamlaýar. 1968–1972-nji ýyllar aralygynda Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde (häzirki Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi) okaýar we Öweznyýaz Saparowyň halypaçylygy oňa köp taraply zehinini açmaga we giňişleýin bilim almaga itergi berdi. Uçilişeden soňra, ol uly ylham bilen Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigin suratkeşi bolup işe başlaýar, soňra bolsa «Türkmenfilm» kinostudiýasynda multfilmleriň suratkeş-goýujysynyň kömekçisi bolup işleýär.
Dursunsolmaz Muhammedowa düşünjeli, bilimli we maksadaokgunly şahsyýet. Şol sebäpden, onuň özüniň bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen 1975-nji ýylda Moskwanyň ýokary çeper-senagat ýörite mekdebine (öňki Stroganow) girýär. Bu abraýly ýokary okuw mekdebinde miniatýura nakgaşlygy boýunça hünärmen Ýewgeniýa Lukinowanyň ýolbaşçylygynda okamak onuň indiki döredijiligine täsir etdi. 1980-nji ýylda ol 36 görnüşden ybarat bolan we farfordan, pigmentden we duzdan ýerine ýetirilen diplom işini – «Gurban baýramy» çaý toplumyny tapawutly derejede goraýar.
Okuwy gutaran soň, ol çeper önümlerini we ýadygärlik sowgatlaryny öndürmek boýunça Aşgabadyň halk senetçileriniň «Çeper» kärhanasynyň baş suratkeşi bolup işe başlaýar, 1983–1989-njy ýyllar aralygynda bolsa Türkmenistanyň Çeperçilik fondunda suratkeş-bezegçi hökmünde zähmet çekýär. 1990-njy ýyllarda D. Muhammedowa Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy bolmak bilen döredijilik işine başlaýar.
1998-nji ýyldan bäri Dursunsolmaz Muhammedowa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallymçylyk edýär. Grafika bölüminde galamda we reňkde surat çekmek boýunça ilkinji sekiz ýyllyk halypaçylyk işi ajaýyp netijeleri berdi. Sebäbi ol talyplaryna okuw suratlarynyň, eskizleriniň ýa-da gözlegleriniň inçe syrlaryny düşündirmek bilen birnäçe sagatlap işläp bilýärdi. Bularyň hemmesi Alymjan Işankuliýew, Parahat Gapançaýew, Maýsa Hojaýewa, Pena Nurýagdyýew ýaly suratkeşleriň kemala gelmegine ýardam etdi. Olaryň her biri türkmen sungatynda özüniň döredijilik ýoluny tapdy. 2006-njy ýyldan başlap, ol amaly-haşam sungaty kafedrasynyň uly mugallymy bolup, keramika boýunça taslamadan we materialdan bar bolan tejribesini we bilimini ýaş suratkeşlere geçirýär. Her okuw sagadynda öz hünäri boýunça halypa okuwçylaryň öňünde işleýär we öz täze eserlerini döredýär. Onuň şägirtleriniň arasynda Hezretguly Annageldiýew, Oguldöndi Baýramgeldiýewa, Almagül Garlyýewa aýratyn tapawutlanyp, olar döredijilik sergilerine işjeň gatnaşýarlar we eýýäm özleri hem mugallym boldular, şeýlelik bilen, olar halypasynyň ýoluny dowam etdirýärler.
D. Muhammedowa Orta Aziýa keramikasynyň däpleriniň, Ýewropa moderniniň we Uzak Gündogaryň çeper diliniň sazlaşykly utgaşmasyny döredip bilýär, ýöne şol bir wagtyň özünde milli düşünjäniň aýratynlyklaryny görkezmäge çalyşýar. Suratkeş farfor, faýans, şamot we terrakota bilen işleýär.
Ynha, eýýäm 50 ýyl bäri ol Türkmenistanda, Özbegistanda, Gazagystanda, Türkiýede, Eýranda, Hindistanda, Russiýada, Latwiýada, Fransiýada we Awstriýada geçirilen sergilere, halkara simpoziumlara we bäsleşiklere gatnaşýar. 1983-nji we 1984-nji ýyllarda Italiýanyň Faensa şäherinde çeper keramika boýunça geçirilen halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy, bu ýerde «Näziklik» we «Gelinler» keramika kompozisiýalary birinji orna mynasyp boldy.
Suratkeşiň döredijiliginde ahalteke atlary aýratyn orun eýeleýär. «Dessan» (1991) kompozisiýasy ýokary silindr görnüşli şekilde ýasalyp, onda gyzlaryň syrdam syratlary we çapyp barýan ahalteke atlarynyň şekilleri güberçek görnüşinde öňe çykýar. 2017-nji ýylda Dursunsolmazyň ussatlyk bilen ýasalan her bir ahalteke aty öz reňki we zenan başatgylarynda – çyrpylarda giňden peýdalanylýan türkmen keşdeçiliginiň milli nagşynyň suraty çekilen bezegi bilen tapawutlanýar. Ondan soňky ýyllarda suratkeş şeýle atly heýkelleri döretmäge dowam edip, olarda oýulyp edilen nagyşlary, at çapyşykly sahnalary çekilen suratlary, peýzažlary, gündogar miniatýuralaryny ýatladýan ýordumlary döretmegi dowam edipdir. Onuň eserleri Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan bäsleşiklerde birnäçe gezek görkezildi.
Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň döredijiliginden ylham alyp, 2015-nji ýylda keramikaçy Gerkezdäki Magtymguly muzeýi üçin keramiki kompozisiýany döretdi. Suratkeşiň hakykylyk bilen çekilen haşam güldanynda hem Magtymgulynyň we Meňliniň keşbi görkezilýär. Suratkeşiň döredijilik dünýäsi öz gözbaşlaryny türkmen edebiýatynyň we halk döredijiliginiň nusgawy mirasynyň eserlerinden alyp gaýdýan şahyrana birleşmelerine we filosofik umumylaşdyrmalara baý.
Türkmen tebigatynyň özüne çekijiligi we özboluşlylygy onuň köpsanly güldanlarda, toplumlarda, bezeg mejimelerinde, kumganlarda we keramiki şekillerde janlanýar. Esasanam, bahary, gözelligi we bagty alamatlandyrýan çigildem gunçalarynyň şekilleri we dürli sudurlary aýratyn tapawutlanýar.
D. Muhammedowa diňe bir keramikany däl, eýsem, akril reňkleriň açyk we doýgun reňkleri bilen boýalan haşam suratlarynyň awtorydyr. «Bägüller» (2012), «Gyzym Maralyň portreti» (2015), «Liliýalar» (2017), «Çigildemler» (2017), «Gerberler» (2017) ýaly nakgaşlyk eserleri onuň keramiki eserleri bilen utgaşýar. «Deňiz» (2012) we «Ýantar düýşi» (2012) atly abstrakt kompozisiýalar özüniň reňk ýaýrap gitmeleri we tegmilleri bilen Hazar deňziniň gözelligi bilen baglanyşýar we gymmatly ýantar daşynyň ýumşak oýnuny suratlandyrýar.
D. Muhammedowanyň keramikasy diňe bir muzeýleri we hususy ýygyndylary bezemek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň interýerlerini onuň monumental kompozisiýalary hem bezeýär.
Watanyna we milli medeniýetine çäksiz söýgi Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowany geljekde hem täze ajaýyp sungat eserlerini döretmäge ylham döreder, bu bolsa ajaýyp şekilleriň we çyzyklaryň täsin dünýäsine we suratkeşiň özboluşly hyýalyna aralaşmaga mümkinçilik berer.
Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.