“Dizaýn – 2022” atly halkara sergisi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir gününiň beýik ösüşleri taryhymyza altyn harplar bolup ýazylýar. Baş paýtagtymyz Aşgabady ösdürmek dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatlyklary bolan şäherleriň birine öwürmek babatdaky alnyp barylýan beýik işler ýokary derejede dabaralanýar. Aşgabat şäherimiziň ak mermerli binalary dünýäde binagärlik gurluşygy, zeminimize zynat berýän owadan keşbi bilen, döredijilik şäheri we Aziýanyň merjen şäheri hökmünde tanalýar. Aşgabat, köp sanly naýbaşy gözellikleriň sazlaşykly jemlenen mekanydyr.
2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň oktýabr aýynyň 11-13-i aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Dizaýn – 2022” atly Aşgabat forumy we halkara sergisi geçirildi. Bu sergä Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Bilim, Medeniýet, Dokma senagaty, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleri, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi işjeň gatnaşdylar.
“Dizaýn – 2022” atly Aşgabat forumy we halkara sergisine Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary dereje geçirildi. Halkara serginiň maksady Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizmek bilen bagly boldy. Ýagny, milli we halkara dizaýnerleriniň, döredijilik ussatlarynyň özara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda hem-de özara tejribe alyşmakda bu serginiň ähmiýeti örän ýokarydyr.
Halkara sergisinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussat mugallymlarynyň hem-de zehinli talyp ýaşlarynyň döreden Ak şäherimiz Aşgabadyň täze binagärlik keşbini wasp edýän ajaýyp eserleri görkezildi. Şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, keramika ýaly ugurlarynda ýerine ýetirilen eserlerde halkymyzyň milli ruhy dünýäsini, medeni mirasyny açyp görkezýän sungat eserleri sergä gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi. Aýratynam, talyp ýaşlarymyzyň döreden milli binagärlik eserleriniň taslamalarynyň dizaýn bezegleri barada Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäheriniň Bektemir etrap häkimliginiň gurluşyk bölüminiň başlygy Dilmurod Umarow, Mirobod etraby halk bilim edaralary işiniň metodiki gurnamak we üpjün etmek bölüminiň hünärmeni Aziz Nabiýew çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary bilen özara sorag-jogap arkaly tejribe alyşdylar.
Talyp ýaşlaryň döredýän täze binagärlik taslamalarynda milliligiň hem-de döwrebaplygyň sazlaşygy emele gelýär. Durmuşa ornaşdyrylan binalaryň bezeg işlerinde gadymyýetden gözbaş alýan çeperçilik taýdan sünnälenen milli nagyşlarymyz binalaryň gözelligini baýlaşdyrýar. Bu bolsa, türkmen ýaşlarynyň döredijiliginde watanyna bolan söýgüsiniň we özleriniň saýlap alan hünärine bolan belent sarpasynyň aýdyňdygyny subut edýär.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly ylmy işgäri