"40-njy Güýz"

Her bir ynsan ussat suratkeş bolup bilmeýär, onuň üçin ilki bilen zehin, soňra bolsa dynuwsyz zähmet gerekdir. Şeýle zähmet çekýän ýaş zehinli suratkeş Begenç Berkeliýewiň we Wepa Gurdowyň Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda "40-njy Güýz" atly şahsy sergisini geçirdiler. Bu sergi diýseň gyzykly geçdi, sergä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

     Serginiň "40-njy Güýz" diýilip atlandyrylmagy ussat suratkeşleriñ ikisiniň hem 40 ýaşyny dollurýandygy bilen baglanyşyklydyr.

    Ussatlar sergidäki eserlerinde tebigatyň, portretleriň, natýurmortlaryň, haýwanlar bilen baglanyşykly şekilleri we gündelik durmuşy pursatlary synlap, realizm (hakykat), impressionizm (täsirli duýgy), puantilizm (nokatlama sungaty) akymlarynda ýerine ýetirip, eserleriniň çeper aýratynlygyny ýüze çykarypdyrlar.

   Suratkeşleriň her biri barada aýratyn nygtanymyzda zehinli, ähli gujur-gaýraty bilen zähmet çekýän, sungatda özüniň ynamly ädimleri bilen barýan ussat suratkeş Berkeliýew Begenç Kakabaýewiçdir. Ol 1982-nji ýylyň oktýabr aýynyň 13-ne Tejen şäherinde eneden bolýar. Onuň surat çekmeklige ýaşlykdan höwesi bolýar. Begenç Berkeliýew 1990-njy ýylda Tejen şäheriniň 5-nji orta mekdebine 1-nji synpa barýar. Ilki bilen özüniň döredijilik ýoluna ýaşajyk Begenç 1995-nji ýylda Tejen şäheriniň Mämmet Mämmedow adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde başlaýar. 1999-njy ýylda orta mekdebi tamamlaýar. Kiçilikden sungat ýoluna gadam basan Begenç Berkeliýew 2000-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň synaglaryny üstünlikli geçmek bilen ýoluny dowam etdirýär. 2004-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň stanok-nakgaşçylyk bölümini ýokary bahalar bilen tamamlaýar. Soňra Begenç Berkeliýew iki ýyl Watan goragyna gidýär. Gullukdan gelip iş tejribeligini ýerine ýetireninden soň 2007-nji ýylda Begenç Berkeliýewiň ýanyp duran zehini, surat çekmeklige bolan ägirt höwesi ony Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna getirýär. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny üstünlikli tamamlaýar.

    Zehinli suratkeş Begenç Berkeliýew özüniň ýerine ýetirýän işlerinde esasan hem impressionizm (impression fransuz sözi bolup, täsir diýmeklikdir) we sýurrealizm (fransuz sözünden surrealisme – ýokary hakykat) ugurlaryna ýykgyn edýär. Surat çekmekligiň inçe tilsimlerinden tehniki usullaryny hem-de reňkleri ulanyş aýratynlygy, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Suratkeşiň ýerine ýetiren işlerini synlanyňda onuň täzeçil pikirlenýändigini we gündelik durmuşy, portret, natýurmort, peýzaž, animalistik žanrlarda işleýändigini görmek bolýar.

    Ajaýyp  gözelligi döredýän ezber suratkeşleriň biri, peýzažyň ussady Gurdow Wepa Geldimyradowiç 1982-nji ýylyň sentýabr aýynyň 13-ne Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dogulýar. 1989-njy ýylda 1-nji synpa okuwa barýar. Ol 1994-nji ýylda kiçilikden dogduk mekanyndaky çagalar çeperçilik mekdebine gatnaýar. Ýaşajyk suratkeşiň surat çekmeklige bolan zehini, beýleki deň-duşlaryndan tapawutlydygy üçin eýýäm şol wagtlarda duýulýardy. Ýaşlykdan surat çekmeklige bolan höwesi, arman, ýadaman zähmet çekmegi netijesinde, Wepa Gurdow 1998-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň miniatýura bölümine girýär. Wepa Gurdow talyp ýyllarynda halypa mugallymlaryndan sungatyň inçe syrlaryny öwrenýär. Ýaş suratkeş 2004-nji ýylda okuwyny üstünlikli tamamlaýar.

       Zehinli suratkeş Wepa Gurdowyň döredijiligi barada aýdanymyzda suratkeş esasan peýzaž žanryna salgylanýar. Eserleriniň aglaba  böleginde dowamly doýgun reňkleri ulanmagy, onuň ussatlygyndan habar berýär. Suratkeş ilki bilen tebigata çykyp owadan etýudlary (ilkibaş nusgalary) çekip, ony uly ölçegde ýerine ýetirmäge başlaýar. Wepa Gurdow daň säher bilen surat çekmekligiň lezzetiniň başgadygyny nygtap, onuň ýerine ýetiren işlerini synlanyňda säheriň arassa howasyny, açyk asmany, gözel tebigaty görüp, özüňi edil şol ýerde ýaly duýmazlyk mümkin däl.

     Bizi oýlanmana, kalbymyzy tolgundyrmana mejbur edýän ajaýyp sungat eserlerini döredýän suratkeşlik ýolunda Begenç Berkeliýewe we Wepa Gurdowa gujur gaýratyny ajaýyp eserlerine siňdirmegini, diňe üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuwlaýarys!

Ogulgerek Pürsýanowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

Sunagty öwreniş kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm