Öçmejek sungat
Sungat - bu diňe bir awtoryň özi üçin däl-de eýsem beýleki adamlaryň hem gyzyklanmalaryny döredýän döredijilik işidir. Sungat - adamzadyň içki dünýäsine düşünmäge, tebigatyň gözelligini açmaga, ynsanyň pikirlerini, höwesini açmaga, dünýägaraýşyny giňeltmäge ýardam
berýän gymmatly hazynadyr.
Sungat - örän giň görnüşli bolup onuň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, zergärçilik, dokmaçylyk, keramika, dizaýn, aýdym-saz, kino, tans, teatr, sirk, edebiýat, foto surat ýaly görnüşleri bardyr. Şekillendiriş sungatynyň iň esasy we ilkinji görnüşleriniň biri hem grafika sungaty bolup, ol bakylygyny biziň häzirki günlerimize çenli dowam edýän sungatyň bir görnüşidir. Grafika sungatynyň sütünini berk gurmakda Muhammetmyrat Goçmyradow aýratyn orna mynasypdyr. Onuň döredijilik ýoly iňňän çylşyrymly gözlegler bilen bellenilýär. Ussat halypa mozaikaçy suratkeş hökmünde tanalýar. Onuň döreden mozaika eserleri biziň ýurdumyzyň owadan binalarynyň durkyny hasda gözelleşdirýär. Suratkeş diňe bir mozaika eserlerini döretmän, eýsem ol nakgaş hem-de grafika eserleriniň hem ussadydyr.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Muhammetmyrat Goçmyradow 1952-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-ne Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda eneden dogulýar. Suratkeş ilkinji bilimini oba mekdebinde alýar. Ol ýaşlygyndan surat çekmäge höwesli bolupdyr. Bu bolsa gelejekki suratkeşiň ukybynyň açylmagyna getiripdir we ony sungat ýoluna iteripdir. Muhammetmyrat Goçmyradow 1967-1971-nji ýyllarda Aşgabadyň çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminde okaýar. Ýaş suratkeşe ilkinji tälim beren mugallymy Atajan Aşyrow. Çeperçilik mekdebinde bilim alan döwründe Rahym Işangulyýew, Igor Iwanowiç Poýda, Baýran Atdaýew, Wera Gyllyýewa ýaly mugallymlaryň elinde tälim alýar. Ol 1971-1972-nji ýyllaryň dowamynda Aşgabat teleýaýlymynda şrift suratkeşi bolup işleýär. Işiniň daşyndan agşamky surat gurnaklaryna gatnaşyp 1972-nji ýylda Daşkendiň Nikolaý Ostrowskiý adyndaky teatr we çeperçilik institutynyň monumental-haşam nakgaşçylyk bölümine okuwa girýär. Ol Ilýa Rubin, Igor Limakow, Nygmat Kuzybaýew ýaly ussatlaryň elinde tälim alýar. 1977-nji ýylda okuwyny üstünlikli tamamlap, 1995-nji ýylda Aşgabat şäheriniň baş suratkeşi bolup, şäher häkimliginde işleýär.
Muhammetmyrat Goçmyradowyň 1983-1985-nji ýyllarda ýerine ýetiren “Sungat”, “Ylym”, “Ýaşlyk” atly mozaika eserleri smalta daşlary bilen sünnälenip ýasalyp, bu taslama gurluşly eserlerinde sungata bolan çäksiz söýgüni ussatlyk bilen görkezmegi başarypdyr. Onuň eserleri diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl-de, eýsem Russiýanyň Larba demirýol stansiýasynda smalta daşlary bilen ýerine ýetirlen äpet mozaika eserinde hem ajaýyplygy bilen görenleriň ünsüni özüne çekýär.
Suratkeşiň nakgaş hem grafika eserlerinde onuň döredijiliginiň giňdigine, gözýetiminiň baýdygyna göz ýetirmek bolýar. Muhammetmyrat Goçmyradowyň esasan hem taslama gurluşly eserlerini, portret we natýurmort žanrynda çeken işlerini görmek bolýar. Onuň döreden grafika eserleri dürli serişdeler bilen ýagny kömür, pastel, ofort, litografiýa, tempera, sgrafito, tuş ýaly tehniki usullara ýüz tutup türkmen grafika sungatyny dünýä derejesine çykardy. Ussat halypanyň “Ýaşulyň portreti” (1974), “Ylýasyň portreti” (1974), “Täjik gyzy Maksuda” (1975), “Gorky”(1976), ”Ýaş ýigit” (1975), ”Şeltonyň portreti” (1983), “Uruş weterany” (1982), “Aleksandryň porteti” (2015) ýaly grafiki portret eserlerinde adamzadyň içki duýgysy çuň açylyp görkezilýär.
Muhammetmyrat Goçmyradowyň “Iki adamyň ömri” (1985) , “Ýer titreme” (1985), “Damja” (1989) atly grafika eserleri filosofiki garaýyşly we paýhas siňen eserler bolup, many-mazmuna örän baýdyr. Onuň “Iki adamyň ömri” eserinde iki sany ýüpüň üsti bilen bir maşgalany, iki sany adamyň birigen ykbalyny suratlandyrýar. Ýüpüň aşagy kök görnüşinde bolup, hersi bir ugra bakyp duran baýdagyň arasyndaky dar geçelgeden, ýüp ýokarlygyna alaja ýaly işilip gidýär. Ýüpleriň hersi bir ugra, ýagtylyga açylyp gidýär. Eseriň mazmunynda iki ýaş çatynjanyň durmuşynyň birigip, bir maşgalany emele getirip, ýola düşen ömür kerweni suratlandyrylýar. Ýüpleriň hersiniň bir ugra bakmagy - iki ynsanyň aýry-aýry pikirleriniň açylyp görkezilendigini görmek bolýar. Işilen ýüpler dik ştrih çyzyklary bilen, gara mahmal tegmiller bilen, ak-garanyň ýerlikli sazlaşygynda şekillendirilipdir. Bu eser daş basma tehniki usulynda ýerine ýetirilipdir.
Halypanyň “Maşgala” (1982) atly eserinde ussat gündelik durmuşyny wasp edýär. Bu eserde türkmen sährasynyň jokrama yssysynda kakdan suw içip duran üç sany düýeleriň şekili arkaly durmuşy temasy açylyp görkezilýär. Düýeleriň biri aýaklaryny dyzyna epip kakdaky suwdan ganyp duran pursadynda, beýlekisi bolsa köşejigini bagryna basyp töweregine parasatlylyk bilen garap duran şekilinde suratlandyrylan. Bu eserler örän baý many-mazmuna eýe bolup maşgalanyň ysnyşyklylygy beýan edýär. Ýaşulynyň daşdan görkezilen şekili düýe çopany manyny berýär, bu ýerde suratkeş haýwan hem-de ynsan maşgalasynyň biri-birinden üzňe däldigini suratlandyrýar. Eseriň ýerine ýetirilişinde örän agyr çylşyrymly gurnalan çyzyklar, gara tegmiller sazlaşykly ýerleşdirilen. Çyzyklar düýeleriň beden gurluşyny we ýagty kölege oýnyny özara baglanyşykly emele getirýär. Bu çyzyklaryň üsti bilen eseriň taslama gurluşy has hem mazmuna baýlaşýar. Bu usul umuman aýdanymyzda türkmeniň milli paýhaslylyk häsiýetini, yssy çölüni, baý haýwanat dünýäsini, ynsan dünýäsi bilen baglanyşdyrýar.
Häzirki wagtda-da Türkmenistanyň halk suratkeşi Muhammetmyrat Goçmyradow döwrüň talaplaryny berjaý edýän gymmatly eserleri döredip milli sungatymyzyň ösmegine öz ýardamyny goşýar. Ýakyn günlerde ussat halypanyň 70 ýyl ýubileý toýy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda, onuň döredijilik sergisi geçirildi. Bu geçirilen sergide ussat halypamyzyň öz döredijilik ýolunda döreden eserleri adamlaryň kalbynda öçmejek duýgulary galdyrdy. Ussat halypanyň eserleri türkmen milliligini wasp etmekde aýratyn tapawutlanýar. Onuň mozaika eserlerinde ata-babalarymyzdan bize miras galan, milli nagyşlarymyz görenleriň ünsüni has-da özüne çekýär. Türkmen sungatyny ösdürmekde şeýle ussat suratkeşlerimiziň biziň aramyzda zähmet çekmegi bizi has-da buýsandyrýar. Häzirki bagtly zamanamyzda şeýle öçmejek sungat eserlerini döretmäge mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Berdiýewa Maýsa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby