Beýik ýeňişe halypanyň sowgady


Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk ulgamynda şahyrana döredijiligi bilen tanalýan ussat halypa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredow, öz zehinini mukaddes watana, ajaýyp tebigata, türkmen halkynyň taryhyna bagyşlady. Şonuň üçin hem zehinli nakgaş Saparmämmet Meredowyň döredijiligi aýratyn hormata eýedir. Halypanyň ylham çeşmesinden emele gelen nakgaşçylyk eserleri pelsepewi mazmuna baýdyr.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda suratkeş Saparmämmet Meredowyň döredijilik eserleriniň sergisi gurnaldy. Bu döredijilik sergisi halypanyň beýik ýeňişe sowgady boldy. Suratkeş Saparmämmet Meredowyň türkmen dünýäsini açyp görkezýän döredijiliginiň sergilenmegi, çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyp ýaşlar üçin  nusga alarlyk mekdep boldy.

Zehinli suratkeş hemişe döredijilik gözleginde gezdi. Netijede sungatyň natýurmort, peýzaž, portret, taryhy ýaly dürli žanrlarynda nakgaşçylyk eserleri ýazyldy. Şeýle-de, suratkeşiň grafika sungatynda birnäçe ýerine ýetiren eserleri ussadyň döredijilik dünýäsiniň giňligini açyp görkezdi.

Suratkeş ençeme gezek daşary ýurt döwletlerinde döredijilik saparlarynda hem boldy. Suratkeş Saparmämmet Meredowyň döredijilik eserleri dünýäniň ösen döwletleri bolan Germaniýada, Fransiýada, Italiýada, Bolgariýada, Gresiýada, Russiýada, Siriýada, Türkiýede, Eýranda, Mongoliýada, Ýaponiýada we ABŞ-da geçirilen sergilerde görkezildi. Döredijilik sapary döwründe ýazylan eserleri suratkeşiň döredijilik goruny baýlaşdyrdy. Muňa mysal edip, «Mongoliýa», «Mongol zenany», «Masogyň muzeýi», «Selba derýajygy», «Parahat gün», «Jülgede», «Ybadathana», «Boguthanyň muzeýi», «Mongoliýa giňişligi» ýaly nakgaşçylyk eserlerini agzamak bolar.

Suratkeşiň döredijiliginiň agramly bölegi türkmen halkynyň oba durmuşyna, seleňli sähralygyna, edermen gallaçylaryň zähmetine bagyşlandy. Munuň mysalynda «Meýdan», «Oba meýdanynda», «Çörek meýdany», «Pagta meýdany», «Üzümçilik meýdany», «Narly meýdan», «Dynç alyş meýdany», «Ýüpekçiler», «Güýz üzümleri», «Kişmiş», «Pagtanyň gozasy», «Gözel tebigat», «Tut agaçlary»,  «Säher», «Güzeran», «Gadymy berklik» ýaly eserlerinde Watanymyzyň bereketli bol hasyllylygy çeperçilik dili bilen beýan edilýär.

Surkeşiň döredijiliginde ençeme portret eserleri ýazyldy. Onuň «Amangeldi Göni», «Baýramgeldi aga», «Öwezmämmet aga», «Baýram çopan», «Meniň atam»,  «Ýaşulynyň portreti», «Toýmämmediň portreti», «Durdygylyjyň portreti», «Dostumyň portreti», «Amangeldi Jemşidowyň portreti», «Kakamyň portreti», «Oglanjygyň portreti» ýaly eserleri çeperçilik taýdan döredijilikli bolup, ýumşak ýyly reňkleriň sazlaşygynda şekillendirildi.

Suratkeş grafika sungatynda hem ençeme portretleri ýerine ýetirdi. Grafikada esasan sungat ussatlarynyň keşbi janlandy. Olar «Suratkeş Tokar Tugurow», «Möjek Çaryýew», «Atajan Aşyrow», «Alty Garlyýew», «Annadurdy Almämmedow», «Kakamyrat Baýlyýew», «Durdy Baýramow», «Sungaty öwreniji», «Muhammet Annaýewiç», «Kompozitor Weli Muhatow», «Ýoldaş mugallym», «Kerim Gurbannepesow» ýaly eserlerde ak tekizligiň ýüzünde bir reňkde sungat ussatlarynyň keşbini  döredijilik şahsyýeti hökmünde orta çykardy. Bu portretlerde hakykylyk bilen, meşhur ussatlaryň içki oý pikirindäki döredijilik häsiýetini açmagy başardy.

Suratkeşiň halkyň ýaşaýyş durmuşyny, dünýägaraýşyny we paýhasly pikirlerini öz kalbynda baky ornaşdyryp döreden eserleri, Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda uly meşhurlyk gazandy. Onuň döredijiligi geljekki ýaş zehinlere nusgalykdyr.

Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

uly ylmy işgäri

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm