Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri dünýä medeniýetiniň bir ojagy hökmünde umumadamzat siwilizasiýasynyň ykrar edilen merkezi hasaplanylýar. Mukaddes toprakda gadymy taryhy we medeni ýadygärliklerimiziň asyrlara ýaň salan gymmatlyklary siňendir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmenistan – Änew, Bagabat, Nusaý, Altyndepe, Abiwerd, Sarahs, Garagan, Täkgala, Pessejikdepe, Daşlydepe, Monjuklydepe, Şähri-Weýeňňam, Şähryslam, Oguzkent, Farawa, Maşat-Misserian, Daňdanakan, Ürgenç, Was, Şähri-Bossan, Margiana, Amul, Daýahatyn, Köýtendag, Zemm, Namazgadepe, Goňurdepe ýaly bu gün dünýä ylmynyň üns merkezinde durýan, özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren ýüzlerçe medeni-taryhy gymmatlyklara baý ülke. Bu taryhy-medeni ýadygärlikleriň her haýsy türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň henize çenli doly açylmadyk syrly sandygydyr» diýip nygtaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän taryhy-medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak hem-de geljekki nesillerimize ýetirmek maksady bilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. Häzirki döwürde halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň, medeni mirasynyň ylmy esasda öwrenilmegi hem-de halkara derejesinde wagyz edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.
2022-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy maslahatynyň duşuşygy geçirildi we ýörite guralan arheologiýa tapyndylaryň sergisi gurnaldy. Bu çäräniň 2-nji bölümçesindäki «Milli taryhy-medeni mirasyň ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirildi. Döredijilik maslahatynyň 2-nji bölümçesinde isleg bildirilen otuz sany çykyşlardan on dört sanysy diňlenildi. Çykyşlarda halkymyzyň geçmiş taryhynda saklanyp galan bina ýadygärliklerimiziň belli arheologlar tarapyndan öwrenilip, abatlaýyş hem-de dikeldiş işleriniň geçirilendigi bilen bagly ylmy maglumatlar, şeýle-de taryhy ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan tapyndylaryň çeperçilik bezegini häsiýetlendirýän çözgütler beýan edildi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň alymlarynyň hem-de ussat mugallymlarynyň çykyşlarynda nusgalyk milli mekdebiň döremeginde ýaş nesillerimiziň orny, edebi eserlerde milli mirasymyzyň, şeýle-de bagşyçylyk sungatynda medeni mirasymyzyň şöhlelenişi, ýaş alymlaryň ylmy işlerinde milli mirasymyza berlen ornuň, Görogly şadessanynyň we Gorkut ata eposynyň medeni mirasymyzyň görnükli nusgasy hökmünde aýratyn ähmiýetiniň bardygy aýdyldy.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri