«Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijileri yglan edildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her güni guwandyryjy we buýsandyryjy pursatlara, ajaýyp wakalara beslenýär. Halkymyzyň uzak taryhynyň dowamynda sünnäläp, gaýtalanmajak milli özboluşlylyk derejesinde döredilen gymmatlyklary häzirki döwürde uly ösüşlere eýe bolýar. Çünki, ýaş neslimizi milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň tebigy zehinlerini hem-de el hünär başarnyklaryny ýüze çykarmak, halkymyzyň nesilden-nesle geçirip, sünnälän, sungat derejesine ýetiren senetçiliginiň we sungatynyň görnüşlerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň arasynda «Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýokary derejede geçirildi.
«Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter» atly döredijilik bäsleşigine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýigrimi sanysy gatnaşdy. Döredijilik bäsleşigi bäş ugur boýunça geçirildi. Bäsleşige talyp oglanlaryň milli senetçilik däplerimiz esasynda taýýarlan zergärçilik we demir ussaçylygy ýaly önümleri ýasamak işleri, neçjarçylyk (agaç ussaçylygy) we külalçylyk ýaly önümleri ýasamak, şekillendiriş sungaty boýunça (heýkeltaraşlyk, nakgaşçylyk, grafika) işleri, milli binagärlik hem-de bezeg maketleri we häzirki zaman binagärlik hem-de dizaýn maketleri ugurlary boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň jemi ýetmiş sanysynyň döredijilik eserleri sergilendi.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň milli senetçilik däplerimiz esasynda taýýarlan el işleriniň birnäçesinde hakyky zähmet duýulýar. Oglan talyplarymyzyň milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsi, päk arzuwlary, dürli şekilleriň üsti bilen düşündirilip, döredijilikdäki pikirleniş ukyby has-da aýdyň görkezilýär. Sungat eserlerinde mukaddes Watanymyza, halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine çuňňur hormaty şöhlelenýär. Bu bäsleşigiň eminler topary işiň nepisligine, wajyplygyna we ýerine ýetiriliş ussatlygyna, talyp oglanlaryň köpçülikde öz döreden eseri barada çykyş etmek ukyplaryna saýlanan temanyň maksadalaýyklygyna netijeli baha berip ýeňijileri yglan etdiler.
Bäsleşigiň birinji ugry boýunça 1-nji orna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby Hudaýberdiýew Erkin, 2-nji orunlara Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Öwezow Öwez, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Sapagulyýew Süleýman, 3-nji orunlara Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby Atageldiýew Atadurdy, Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 5-nji ýyl talyby Ataýew Eýýup, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby Arslanmyradow Şirmyrat ýeňiji boldular.
Bäsleşigiň ikinji ugry boýunça 1-nji orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Daňlyýew Nagmat, 2-nji orunlara Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Ahmedow Söýenç, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby Annageldiýew Atanyýaz, 3-nji orunlara Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen döwlet konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby Mätgeldiýew Meýlis, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Annagulyýew Ahunberdi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Çohow Allamyrat dagylar ýeňiji diýlip yglan edildiler.
Bäsleşigiň üçünji ugry boýunça 1-nji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nurmyradow Röwşen, 2-nji orunlara Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 4-nji ýyl talyby Muhadow Muhammetmyrat, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Ataýew Öwezgeldi, 3-nji orunlara Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Ummadow Baýmyrat, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Öwezmyradow Öwezmyrat, Türkmenistanyň inžener tehniki we ulag komnikasiýalary institutynyň 2-nji ýyl talyby Rozyýew Agaaman üstünlige eýe boldular.
Bäsleşigiň dördünji ugry boýunça 1-nji orna Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Tairow Hanmyrat, 2-nji orunlara Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 1-nji
ýyl talyby Kemenow Çynar, 5-nji ýyl talyby Ataýew Begli, 3-nji orunlara Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby Täjibaýew Merdan, Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby Ataýew Mämmetöwez, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby Şyhlyýew Ahmet ýeňiş gazandylar.
Bäsleşigiň bäşinji ugry boýunça 1-nji orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Gurbanmyradow Baýrammyrat, 2-nji orunlara Türkmenistanyň inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 4-nji ýyl talyby Garajaýew Myratdurdy, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Muhammetnazarow Muhammetýaz, 3-nji orunlara Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 4-nji ýyl talyplary Allanazarow Timurbek, Çerkezow Arslan, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Guwanjow Resul döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip eminler tarapyndan yglan edildi. Bäsleşigiň dowamynda dabaraly ýagdaýda üstünlik gazanan talyp oglanlarymyz diplomlar hem-de sowgatlar bilen sylaglandylar.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri