Sungata barýan ýol
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge uly üns berilmegi bilen bu ugurda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň hem belleýişi ýaly: «Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys» diýmek bilen öz Watanymyzyň sungatyny, medeniýetini öwrenip, olaryň dünýä ýaýmaklyga uly goşant goşan döredijilik adamlaryna buýsanmalydyrys. Olaryň gyzykly döredijilik mirasyny öwrenmelidiris. Şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerinde durmuşyň gözelligi has inçeden duýlup, olar durmuşyň hereketini, üýtgeşmelerini, hat-da tebigatyň hem-de adamyň ruhy dünýäsiniň bir pursatdaky ýagdaýyny tutmaga mümkinçilik berýärler. Mundan başga-da suratkeşler öz döredýän eserlerinde has-da jogapkärli çemeleşip, döwrüň talap edýän çeperçilik isleglerini döwrebap çözmäge çalyşýarlar. Garaşsyzlygymyzyň suratkeşlere beren erkinligi türkmen nakgaşçylyk sungatynyň täzeden galkynmagyna şertler döretdi.
Täze döwrüň Garaşsyzlyk ugrundaky ýoly we jemgyýetçilik pudagyna degişli eserleri döretmekde görelde mekdebi bolan ussat suratkeşlerimiziň biri, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň üç gezek ýeňijisi Polat Garryýewdir. Ol 1967-nji ýylyň 12-nji fewralynda, Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde eneden bolýar. Çagalyk ýyllaryndan başlap surat çekmäge bolan uly höwesi onuň sungat adamsy bolup ýetişmegine itergi berýär. Polat Garryýew Ş.Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesine okuwa girýär we şekillendiriş sungatyna gadam basýar. Talyplyk ýyllaryndan başlap ol ajaýyp eserleri döretmäge başlaýar. Okuwy üstünlikli tamamlaýar we bilimini artdyrmak maksady bilen, Daşkendiň K.Begzadyň adyny göterýän (öňki A.N.Ostrowskiý) Çeperçilik sungaty institutynda okaýar we üstünlikli tamamlap, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallym bolup işe başlaýar. Häzirki wagta çenli hem ussat suratkeşimiz ýokary okuw mekdebiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň uly mugallymy bolup, talyplara sungatyň inçe syrlaryny, sungatda öz ýoluňy tapmagy yhlas bilen öwredýär.
Her bir döredijilik adamsy öz döwrüniň gözi, gulagy bolmalydyr diýlişi ýaly suratkeşler hem öz döwründe bolup geçýän buýsançly, şatlykly wakalary beýan edýändir. Şeýlelik-de suratkeş Polat Garryýew hem mugallymçylykdan daşary döredijilik işleri bilen hem meşgullanýar. Onuň eserlerinde esasan türkmeniň ruhy dünýäsi, durmuşy, ruh we jan düşünjeleri bilen baglanyşykly filosofiki pikirlerini hem görmek bolýar. Suratkeş öz köpsanly eserlerini simwoliki (nyşanalyk) we filosofiki akymlaryň üsti bilen ýerine ýetirýär. Polat Garryýewiň eserleri Türkmenistanda we döwletiň çäginden daşarda, ýagny Turkiýe, Özbekistan, Eýran, Russiýa, Beýik Britaniýa, Hytaý ýaly döwletlerde sergilere gatnaşyp türkmen nagkaşçylyk sungatyny dünýä tanatmakda uly ähmiýete eýedir.
Ussat suratkeşimiziň döreden eserlerinden Marynyň Döwlet kitaphanasy üçin, «Miras» eser ýygyndysyny (2012ý), «Gadyr gije», «Tükeniksiz aladalar», «Pyragy», «Hatyra» (2013ý), «Şöhle», «Ýagty gün» (2014ý), «Üç nar», «Ýol», (2015ý), «Ýaşuly», «Awtoportret» (2016ý), «Leýli-Mejnun», «Ylham» (2017ý), «Ene daýza» (2018ý), «Meniň aýym», «Döreýiş», «Azatlyga çykan tumar», «Köne tamdyr», «Durmuşyň ýoly», «Gadymy nusgalar» (2019ý), «1941-nji ýyl hüwdi», «Meňli» (2020ý) atly işlerini agzmak bolar.
Her bir sungat adamsy täzeden-täze eserleriň gözleglerini edip, birnäçe ajaýyp eserleri döredip, tomaşaçylary begendirmegiň ugrunda bolýarlar. Ynha şeýle halypa suratkeşlerimiziň biri hem Polat Garryýewdir. Onuň filosofiki eserlerindäki durmuşy garaýyşlary tomaşyçylaryň içki dünýäsine içgin aralaşýar we özlerini eseriň içinde ýaly duýýarlar. Suratkeş häzirki wagtda hem öz okuwçylary bilen halypa şägirtlik ýoluny alyp barýar we birnäçe dürli temalardaky taslamalaryň üstünde işläp, iň täze eserlerini halkymyza hödürleýär. Halypamyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň mundan-da beýläk sanynyň köp bolup, ýaşlara sungat äleminde uly öňegidişlikleri gazanmagyna, ösdürmegine itergi berjekdigine ynanýarys.
Türkmenistan «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly ýylynda Watanymyzda toýdyr baýramlar goşa-goşadan gelýär. Biz Sizi Polat Garryýewiň şahsy sergisini ýakyndan synlamaga çagyrýarys we Sizde uly täsir galdyrjagyna ynanýarys!
Jennet Kurtyşewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby