Meýletinçiler jemgyýetçilik ähmiýetli işleri alyp barýarlar
Häzirki döwürde ynsanperwerlik ähmiýetli işleri köpsanly jemgyýetçilik guramalary alyp barýarlar. Olaryň hatarynda Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň hereketleri ýokary derejä degişlidir. Bu hereketiň esasy maksady – adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirmekden ybarat bolup, bu işler meýletinçileriň işjeň gatnaşmaklary arkaly ýola goýulýar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2021-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen birlikde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak boýunça sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi. Bu maslahat «Ýaş nesilleri döwrebap, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, watana wepaly, zähmetsöýer ruhunda terbiýelemekde meýletinçilik hereketiniň ähmiýeti» diýip atlandyrylmak bilen ähli ýokary okuw jaýlaryň mugallymlary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Bu maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» we «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymlary «Medeniýetde meýletinçilik», «Meýletinçiler – ynamly ýaşlar» ýaly temalarda çykyş etdiler. Meýletinçileriň birnäçe peýdaly taraplary bolup, olaryň işi alyp barmaklykda goşmaça wagt, täze pikirler, edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak, serişdeleri tygşytlamak, ilatyň giň gatlagynyň arasynda gurama hakyndaky maglumaty ýaýratmak, goşmaça bilimler, tejribeleriň bolmagy, guramanyň ösdürilmeginde höwesleriň artmagy ýaly hereketler bolup durýar. Her bir işiň başyna barmaklyk üçin ýörite meýletinçiler topary döredilip, birnäçe jemgyýetçilik ähmiýetli çärelere gatnaşýarlar. Meýletinçilik hereketi tutuşlygyna hereket bilen baglanyşyklydyr. Meýletinçi bu, okuwdan, işden boş wagty özi meýletinçilik işini amala aşyrýan ýurdumyzyň raýatydyr.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň meýletinçi talyplary öz başarnyklaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Olar şäherimizde gurnalýan göçme sergilerde, sungat ojagynda, muzeýlerde bolup, taryhy we döwrebap eserleri içgin öwrenip, dürli dillerde wagyz işlerini geçirýärler. Guramaçylyk işleriniň hatarynda sport maşklaryna bagyşlanan çäreler hem gurnalýar. Meýletinçilerimiz ýurdumyzy bagy bossanlyga öwürmek, ekologiýanyň arassalygyna goşant goşmak ýaly asylly işlere hem işjeň gatnaşýarlar. Sagdyn durmuşyň we sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegi bilen ýurdumyzyň kuwwaty güýjeýär. Meýletinçiler bilen iş meýilleşdirmek, olaryň täzelerini işe çekmek, olary gözükdirmek we okatmak, goldamak, işgärler bilen meýletinçileriň arasynda pikir alyşmak, meýletinçileriň işine baha bermeklik bilen ähli ugurlarda kämil dereje gazanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir!» diýen ganatly sözlerinden ruhlanýan bagtyýar ýaşlar bu beýik ynamy ödemekde, ynsanperwerlik ýörelgeleri dowam etdirmekde öz bilimlerini, başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Çünki hormatly Prezidentimiziň göreldesi ýaşlar üçin asylly ýörelgedir.
Bahar Magtymowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy