Magtymguly Pyragydan ylham alnan döredijilik duşuşygy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen edebiýatynda, şekillendiriş sungatynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň döredijiligine uly sarpa goýulýar. Beýik şahsyýetlerimiz öz döwründe gymmatly eserleri döredip, geljegimiz üçin uly miras galdyrdylar. Türkmen halkynyň adyny şöhratlandyryp gelen şahsyýetlerimiziň döredijiliginde watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, ene mukaddesligi, adamkärçilik, zähmetsöýerlik ýaly ýagşy gylyk häsiýetler giňişleýin beýan edilýär.
Häzirki günde hormatly Prezidentimiziň ündewleri bilen türkmen şahsyýetleriniň döredijiligi barada yzygiderli wagyz-nesihat duşuşyklarynyň geçirilmegi, ýaşlaryň watansöýüji, sagdyn bedenli, ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmeginde ähmiýeti ýokarydyr. Şeýle wagyz-nesihat duşuşyklarynyň biri-de 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-ne Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Saragt Babaýew, şeýle-de «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Kakageldi Gurbangeldiýew hem gatnaşdy.
Ussat halypamyz Saragt Babaýew sözüniň başynda ýaşlara ýüzlenip: «Watan — ynsan üçin mukaddes düşünje. Onda her birimiziň geçmişimiz, şu günümiz, geljegimiz jemlenýär. Mähriban ýaşlar, biziň her birimiz ata-watanymyzy bütin durkumyz bilen jandan söýüp mukaddes topragymyzy başymyza täç etmelidiris» diýip belledi. Türkmen topragynda ýaşap geçen şahsyýetlerimiziň her biri bize gymmatly eserleri galdyrdylar.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýew ilkinji bolup Magtymguly Pyragynyň keşbini şekillendirdi. Onuň döreden keşbi köp suratkeşleriň döredijiligine täsir etdi. Saragt Babaýew öz döredijilik ýolunda Magtymguly Pyragynyň keşbine ýüzlenendigi hakynda aýdyp berdi. Häzirki günde bolsa, onuň alnyp barylýan döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň dikeldilişi barada belläp geçdi.
Duşuşykda çykyş edenler şahyryň döredijiliginde watançylyk temasyna uly üns berilýändigi, goşgularynda gahrymançylygyň, watansöýüjiligiň, wepalylygyň, myhmansöýerlik däbiniň we ene-atalara hoşniýetliligiň nusgasyny beýan edýän setirleriniň bardygyny nygtap geçdiler. Şahyryň ynsan kalbyny gözelleşdirýän paýhas duýgulary jemlenendir diýip bellediler. Şeýle-de, nesil terbiýesinde milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmekde bu eserleriň ähmiýetiniň
ýokarydygy giňişleýin bellenilip geçildi.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri