Augmented reality (AR) (Дополненная реальность) Goşulan reallyk – real dünýäniň interaktiw (özara täsir ediji) tejribesi bolup, onda real dünýädäki obýektlara duýujylyk maglumatlary güýçlendirilendir. Ýa-da başgaça aýdanymyzda Goşulan reallyk – bu ulanyjynyň daşky real-dünýasi bilen real-wagt giňişlik maglumatlary goşup bitewleşdirmek mümkinçilige aýdylýar.
Mysal üçin: görmek, eşitmek, ellemek, somatosensor, ysalmak ýaly duýgurlyk modallyklary. AR üç sany esasy häsiýeti özünde jemleýär: real we hyýaly dünýäleriň bileleşmesi, real-wagtdaky özara täsirleşmesi, şeýle hem, hyýaly we real obýektleriň dogry göçürilmesi.
AR tehnologiýalary dürli göwrümlerde ulanylyp bolar: öý, edara, zawod şertleri üçin, şähere ýa-da tutuş dünýä üçin niýetlenen göwrümlerde. Olar jaýyň içinde, daşynda, dürli yşyklandyryş şertlerinde hem ulanylyp bilner. Uly masştablarda ulanylýandygyny göz öňünde tutup, AR tehnologiýalar üçin maglumatlary internet toruň içinde ýaratmak zerurlygy ýüze çykar, şol ýagdaýda pes garşylykly, ýokary geçirijilikli 5G torlaryň hyzmatlaryndan peýdalanmaly bolarlar. AR tehnologiýalaryň ulanylyşyna mysal edip, häzirki wagtda giňden meşhur bolan “Pokemon GO” oýny getirip bolar:
Virtual reality (VR) (Виртуальная реальность) Wirtual reallyk – doly hemmetaraplaýyn duýujylyk tejribeleri başdan geçirmäge mümkinçilik berýär. Munda ulanyjy “Oculus Rift” ýa-da “Google Cardboard” ýaly ýörite äýnekleri ýa-da kellä geýilýan toplumy ulanyp, kompýuteryň döreden giňişligine geçip gidýär.
Mixed reality (MR) (Смешанная реальность), Garylan reallyk – bu reallyk sanly dünýä we hakyky reallyk özara täsirleşip bilýän aralykda ýerleşýär. Mysal üçin ulanyjy wirtual elementleri edil öz öňünde duran ýaly, süýşürip, hereketlendirip bilýär.
Olaryň hemmesini bilelikde göz öňüne tutup, XR (extended reality) (ulaldylan reallyk) hem diýilýär.
AR we VR tehnologiýalary häzirki wagta dünýäniň ösen ýurtlarynda dürli pudaklarda giňden ulanylmagy ösüp barýan derejededir. Ykdysadyýetde, senagatda esasan hem telewideniýe, film döredijiliginde uly gyzyklanma döredip, AR we VR tehnologiýalaryň bu ugurlardan geljegi uly hasaplanýar.