“Biz, Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji maýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde “Biz, Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda geçirildi. Bäsleşikde çagalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, milli baýramçylyklarymyzy, eziz Watanymyza, ene topragymyza, gözel tebigatymyza we sporta bolan söýgüsini özleriniň çeken suratlarynda beýan etdiler. Bu bäsleşigiň esasy maksady çagalarda watançylyk duýgusyny ösdürmekden, döredijilik bilen meşgullanmaga, sungata höwes döretmekden, bilesigelijiligini ýokarlandyrmakdan, dünýägaraýşyny giňeltmekden ybarat bolup durýar. 

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm