Ýaşlar geljegiň açarydyr

2023-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Mejlisler jaýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda okalan beýan we Arkadag şäherinde açylan bilim edaralary mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. 
Ýokary okuw mekdebiň mugallymlary we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň başynda ylmy işler boýunça prorektory Nurýagdy Ýagşymyradow çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň we Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz syýasy, ykdysady, bilim, saglyk, ylym-tehnologik binýady yzygiderli berkidilýändigini aýratyn nygtap, Arkadag şäherinde geçirilýän çäreleriň dowam edýän günlerinde bu günki hoşallyk maslahatyň ähmiýetini belledi.
Maslahatyň dowamynda okuw işleri boýunça prorektory Rüstem Annamuhammedow, “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň dekany Azat Alihanow, “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy Göwher Saparmyradowa çykyş edip, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty talyp ýaşlaryň her bir hünärde ruhubelent bilim almaga uly badalga berýändigi hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de “Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň “Binagärlik” kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Hojamuhammedow Kerem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby adyna mynasyp bolandygy, geljekde hem döredijilik ukyplaryny has-da kämilleşdirip, saýlap alan hünäriniň eýesi bolup, Watanyna, halkyna tüýs ýürekden hyzmat etjekdigi barada gürrüň berdi.
Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, mertebeleriniň belent, il-ýurt, umumadamzat bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler!

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm