“Garaşsyz Türkmenistanyň milli mirasyny çuňlaşdyryp öwrenmekligiň ylmy ähmiýeti”

Bilim-sowatlylyga, akyl-paýhasa, dilewarlyga we döredijilikli zähmete sarpa goýýan synçy halkymyzyň “Bir okana bar, bir-de – dokana”, “Altyn daşdan çykar, akyl başdan”, “Sowady köpüň ýoly köp”, “Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize - guwanç” we başga-da ençeme pähimleri ýaş nesliň ylym ýolundaky üşük-zehininiň ýitelmegine itergi beripdir. Döwletiň we jemgyýetiň pajarlap ösmegini ylym-bilimde gören dana pederlerimiziň her bir alymyň ylym bilen utgaşmagyny gymmatlyk saýyp, ýazan ylmy garaýyşly eserleri şahsyýetiň ruhy-ahlak, aň-düşünje we beden taýdan taplanmagyna ýol açypdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda ýaş nesli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimli, ýokary aňdüşünjeli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar kemala gelýär. Olaryň dünýä ülüňlerine laýyk gelýän şertlerde bilim almagy üçin milli bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar.
2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda “Garaşsyz Türkmenistanyň milli  mirasyny çuňlaşdyryp öwrenmekligiň ylmy ähmiýeti” atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ylmy-amaly maslahatynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym dünýäniň genji hazynasy hasaplanýar diýip bellediler. Ýurdumyzda ylymyň hem-de bilimiň  ösüşleriniň gözbaşynda, ylmy gadamlar batlanýar.  Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlary terbiýelemekde ylmyň ähmiýeti, Arkadagly döwrümiziň çeper keşbiniň sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan döwlet ähmiýetli işler dogrusynda çykyşlarda yzygiderli beýan edildi. Ylmy-amaly maslahatyň çäginde ylma höwesli ýaş alymlary ylmy we hünär döredijiligine, ylmy-barlag işlerine çekmek, zehinli ýaş alymlary ýüze çykarmak maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilip geçirilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi tarapyndan yglan edilen  “Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady” atly ylmy taslamalaryň Sergi bäsleşiginde ýokary okuw mekdebimizden döredijilik taslamalary bilen üstünlikli çykyş eden zehinli talyplarymyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
                                                                Bilbil Çaryýewa,  
                                               Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik 
                                                    akademiýasynyň uly ylmy işgäri 

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm