“Talyp joşguny – 2023”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny dowam edip, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda giň möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, döwrebap, kämil eserleri döretmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň bu asylly ýörelgelerine eýermek bilen, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” joşgunly owazyny wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda “Talyp joşguny – 2023” atly döredijilik festiwaly geçirildi. Bu festiwalda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” bilen bagly edebi-çeper çykyşlary, Ata Watanymyzy wasp edýän aýdymlar, aýdyşyk aýdymlary, talyplar toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymlary, talyplar toparyndan düzülen orkestriň milli we nusgawy saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde sazly çykyşlar, talyp durmuşyndan degişme sahnasy, halk döredijiliginiň eserlerinden parçalary, Şygyrlary çeper okamak we meşhur awtorlar tarapyndan döredilen aýdymlary ýerine ýetirildi, bu bolsa festiwalyň dabaraly ýagdaýda geçmegine getirdi. “Talyp joşguny – 2023” atly döredijilik festiwalda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Serdar Jumaýew ýerne ýetirmeginde ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdymy festiwalyň sahnasyna ýakymly owaz berdi.   

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm