“Sagdyn bedenli ruhubelent ýaşlar” atly şekillendiriş sungaty eserlerinden gurnalan döredijilik sergisi geçirildi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýip yglan edilen şöhratly ýylynyň uly ösüşlere beslenýän häziriki günlerinde bolup geçýän wakalara ser salanyňda her ynsan saglygyny goramagyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryny gurşap almagynyň we sportyň has-da giň gerimde ösdürilmeginiň döwlet syýasatynyň üns berilýän esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyna göz ýetirýäris. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça yzygiderli çäreler alnyp barylýar. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Aşgabat şäheriniň birinji saglyk öýüniň maşgala lukmanynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Sagdyn bedenli ruhubelent ýaşlar” atly şekillendiriş sungaty eserlerinden gurnalan döredijilik sergisi geçirildi. Hormatly myhmanlar bu serginiň ähmiýetli tarapynyň ynsan saglygyna uly güýç berýän ruhubelentlik häsiýetiniň ýokarydygyny aýtdylar. Türkmen halkymyzda pederlerden miras galan asylly ahlak sypatlary biziň ýaşlarymyzyň watançylyk duýgusy mäkäm jebisleşip  hünär kämilligine uly täsir edýär. Ýaşlaryň ahlak sypatlary olaryň döredýän işlerinde özüniň aýdyň beýanyna gowuşýar. Sungat arassalygy ruhy päkligi çeperçilik biliminiň çuňlugyny talap edýär. Bu häsiýetleri kemala gelmeginde ahlaklylyga uly orun degişlidir. Sungatda gözellik düşünjeleri baýlaşyp, ynsany terbiýeleýän parasatly sypatlaryň ýagny, asyllylyk, ýagşylyk, maksadaokgunlylyk, tutanýerlilik ýaly häsiýetleri sungat muşdagynda hem kemala getirýär. Bu hem sungatyň esasy maksady bolup durýar diýip, çykyş edenler bellediler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm