Bagtyýar ýaşlaryň sergisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ösmegine giň şertler döredildi. 2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda uçurymlaryň 10 ýylyň dowamynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan «Bagtyýar ýaşlaryň döredijilik üstünlikleri» atly döredijilik sergisi açyldy. 
Begenç Berkeliýewiň, Hatyja Amansähedowanyň, Amanmyrat Modyýewiň, Baýram Bazarowyň, Oguljan Durdyýewanyň, Atda Atdaýewiň peýzaž, portret, animalistik, durmuşy žanrlar boýunça çekilen nakgaşlyk eserlerinde döwrebap temalar beýan edilýär. Aşgabat şäheriniň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary Nurmämmet Nurmämmedow, Ýusup Babaýew hem-de Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Derýa Rejepow mekdep okuwçylara heýkeltaraşlyk sungaty boýunça bilim berip, özleriniň döredijiliginde dogduk mekanynyň tebigy baýlyklaryny we milli gymmatlyklaryny, türkmen halkynyň durmuşyny heýkel eserlerinde görkezýärler.  
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, zergär suratkeşi Aýjemal Çaryýewanyň zergärçilik şaý-sepleri, Almagül Garlyýewanyň haşam güldanlary, dizaýn işleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Saparsoltan Seýidowanyň aşhananyň bezegi üçin niýetlenen işler, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ajap Annamanowanyň kädiden ýasalan işleri milli sungatymyzyň özboluşlylygyny wasp edýär. 
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda gurnalan uçurymlaryň döredijilik sergisinde döwlet we halkara bäsleşikleriniň ýeňijileriniň işleriniň görkezilmegi talyp ýaşlara täze eserleri döretmäge ylham berdi. 
Ogulgerek Çolyýewa, 
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby


Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm