Onlaýn bäsleşigiň ýeňijisi

Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, sowatly, ýokary medeniýetli bolmagy barada uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalary işjeň peýdalanmak, ýaşlaryň dünýä ülňülerine ylaýyk üstünlikli netijeleri almaklary babatynda şeýle-de sanly ulgam arkaly halkara derejesinde ders we toparlaýyn bäsleşikleri yzygiderli dowam edýär. 
Bu bäsleşiklere Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyplary gatnaşyp ýokary netijelere eýe boldylar. Olaryň biri-de “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Bakyýewa Bahar, Russiýa Federasiýasynyň “ERUDIT” halkara derjesindäki onlaýn bäsleşiginde “Tanymal rus suratkeşleri” atly tema boýunça gatnaşyp I orny eýeledi we diplom hem-de medal bilen sylaglandy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm