Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýerine ýetirilen katologlara we albomlara elektron syýahat


Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ylyma esaslanyp, dünýä ölçeglerine laýyklykda uly işleri alynyp barylýar. 
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda diňe bir ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmek boýunça  çäklenmän eýsem, ylmy-döredijilik işleri hem giňden alnyp barylýar. 
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlary bolan ussat suratkeşlerimiziň gurnamagynda ajaýyp “Uçgun” atly sergi geçirildi. Sungat ojagynda geçirilýän her bir döredijilik sergileriniň kitapçalaryny döretmek, “Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti” hünärinden bilim alýan ýaş sungaty öwrenijileriň paýyna düşýär. Şonuň bilen baglylykda 2023-nji ýylyň fewral aýynyň 11-ne açylan ýaş mugallymlaryň döredijilik sergisiniň “Uçgun” atly kitapçasyna “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyplary Amangül Goçmyradowa bilen Akgözel Gurbanowa  uly goşant goşdular.  
Kitapçanyň tekstini Amangül Goçmyradowa, makalany bolsa “Tüzrkmenistanyň sungatda at gazanan” ussat sungaty öwreniji uly mugallym Azat Annaýew, kitapçanyň dizaýn bezeg işlerini bolsa, Akgözel Gurbanowa ýerine ýetirdi. Bu kitapça akademiýanyň, tdca.edu.tm web.saýtyna girizildi!

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm