Milli mirasy öwrenmekde halypa şägirtlik mekdebi

2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň fewral aýynyň 10-na Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Maddy däl medeni miras boýunça Konwensiýasynyň Kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli “Milli mirasy öwrenmekde halypa-şägirlik mekdebi” atly okuw maslahaty geçirildi hem-de ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda döredijilik sergisi gurnaldy. Maslahatyň çäginde gurnalan sergide türkmen milli medeniýetine nakgaşçylyk, amaly-haşam sungat ugurlaryna bagyşlanyp döredilen birnäçe ajap eserler myhmanlara ýetirildi. 
    Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty, welaýat medeniýet müdirliginiň wekilleri we hünärmenleri, Aşgabat şäherinde ýerleşýän döwlet muzeýleriniň işgärleri, kitaphana, ministrligiň garamagyndaky TDMI-niň, TDÇA-nyň mugallymlary we talyplary, TYA-nyň alymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 
    Okuw maslahatynyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni miras boýunça Konwensiýasy barada terjime edilen görnüşiniň esasynda, Maddy däl medeni mirasy öwrenmekde, ýygnamakda, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda, ylmy taýdan öwrenmekde we wagyz-etmekde alnyp barylýan işler dogrusynda çykyşlar ýerine ýetirildi. Berlen teklipler hemmeler tarapyndan gyzgyn gollanyldy we şular ýaly milli mirasymyza uly hormat goýýan Gahryman Arkadagmyza we Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Mundan ugur alyp milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda işleri alyp barmalydygy nygtaldy.
Öwezmyradowa Ogulsona
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm