Latwiýaly zenan suratkeşi Hanym Ilona Romule talyplara keramika dersi boýunça okuw sapagyny geçirdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda kämil, aň-düşünjeli nesli ýetişdirmek jemgyýetiň ösüşine goşant goşýan hem-de oňa düşünýän ussat hünärmenleri taýýarlamak ugrunda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň bilim özgertmeleri ýaş neslimiziň döwrebap bilim almagyna, mugallymlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyna itergi berýär.

    Häzirki güne çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda dünýäniň ösen döwletleriniň birnäçesi bilen  halkara maslahatlary, hünär aýratynlary boýunça onlaýn sapaklary, ussatlyk okuw sapaklary we döredijilik duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi. Şolaryň biri-de ýaňy-ýakynda ýurdumyzda geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi muňa aýdyň mysaldyr.

   2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň 24-den noýabr aýynyň 3-i aralygynda  Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Latwiýaly zenan suratkeşi Hanym Ilona Romule talyplara keramika dersi boýunça okuw sapagyny geçirdi. Ol birnäçe günüň dowamynda keramikanyň ýerine ýetiriliş usulynyň täze görnüşini, onuň özboluşly aýratynlygyny talyplaryň her biri bilen tejribe alyşmak arkaly okuw sapagyny netijeli tamamlady.

    Dünýäniň köp ýurtlary bilen medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegi türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, onuň özboluşly däp-dessurlaryny ýaýmaga ýardam edýär. Halkara hyzmatdaşlyk döredijilik işgärleriniň ussatlygyny kämilleşdirmekde, tejribe alyşmakda täze mümkinçilikleri açýar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm