BILIM DÜNÝÄSINE GADAM BASAN ÝAŞLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, sowatly, ýokary medeniýetli bolmagy barada uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda ylyma-bilime höwesek bolan ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin uly mümkinçilikler döredilip berilýär. Parahat Watanymyzda  özgerýän sungatymyz hasam ýokary sepgitlere ýetýär.  

Her ýylyň täze okuw möwsüminiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli geçirilýän mygallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty baý mazmuna eýe bolýar. 2022-nji ýylyň awgust aýynyň 30-yna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem “Milli bilim ulgamynyň özgertmeleri – binýatly ösüşleriň kepilidir” atly mygallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty ýokary derejede geçirildi. Ylmy-amaly maslahatynda ussat mugallymlaryň hem-de zehinli talyp ýaşlaryň ylmy çykyşlary ýerine ýetirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2022) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2022) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2022), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm