Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen başy başlanan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan beýik işlerde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ilkinji nobatda bolsa, ýaş nesliň röwşen geljegi ugrundaky aladalar baş wezipeleriniň hatarynda durýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Berkarar Watanymyzyň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly baýramçylyk sergisi geçirildi. Sergä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleriniň hem-de çeperçilik akademiýasynda önjeýli zähmet çekýän hormatly mugallymlar we zehinli talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda Döwletimiziň Konstitusion özgertmeleri barada çykyşlar ýerine ýetirildi. Baýramçylyk sergisinde binagärllik, şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatynyň halyçylyk, zergärçilik, keramika ýaly görnüşlerinde döredilen sungat eserlerinde beýan edilen Berkarar Watanymyzyň beýik özgertmeleri baýramçylyk sergisiniň mazmunyny açyp gökezdi.  Şeýle-de, bu dabarada Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dürli hünärleri boýunça bilim berýän ussat mugallymlar hem-de döredijilikde tapawutlanýan zehinli talyplar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sowgatlary bilen sylaglandylar.

Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

uly ylmy işgäri

Paýlaş

14/05/2022

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen başy başlanan

05/05/2022

2022-nji ýylyň maý aýynyň 6-syna

26/04/2022

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş

25/04/2022

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2022) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2022) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2022), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08