Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Täçsoltan  Kakajanowanyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Näzik Ataýewanyň gatnaşmaklarynda  talyp ýaşlaryň arasynda «Türkmenistanyň hünär-tehniki, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp gyzlary watansöýüjilik ruhynda terbiýelemek, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, millilik,  maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini» wagyz etmek boýunça duşuşyk geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesli kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar diýip bellediler. Munuň özi her bir adamyň esasanam ýaş nesilleriň kalbynda buýsanç duýgusyny oýaryp, nesillerimiziň ýagty geljegine bolan ynamyny beýgeldýär. Edep-terbiýe halkyň ýaşaýyş durmuşy bilen ösýär, taryhyň uzak ýolunda kämilleşýär, adamzadyň aňynda orun alýar. Şeýlelikde, nesilme-nesil dowam edýän mizemez ýörelgelere öwrülýär. Ýaşuly neslini sylamak, kiçä hormat goýmak türkmen halkynyň asylly däpleriniň biridir diýlip çykyşlarda bellenildi.

Paýlaş

14/05/2022

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen başy başlanan

05/05/2022

2022-nji ýylyň maý aýynyň 6-syna

26/04/2022

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş

25/04/2022

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2022) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2022) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2022), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08