Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli mirasymyzyň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işlere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilleriň ruhy birligini kemala getirmegiň esasy özeni bolan milli mirasyny hem-de maddy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillerimize ýetirmek, türkmen senetçiliginiň kämil sungat derejesine öwrülen naýbaşy nusgalaryny – zergärçilik, külalçylyk, neçjarçylyk, heýkeltaraşlyk, nakgaşçylyk, grafika hem-de milli we häzirki zaman binagärlik, dizaýn maketleri ýaly ugurlaryny ösdürmek we dowam etdirmek, ýaş nesliň watansöýüjilik, millilik ýörelgelerine ygrarly terbiýelenmeginde milli gymmatlyklarymyza söýgi döretmek, olaryň tebigy zehinlerini, el hünärine bolan endiklerini ýüze çykarmak, ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň orta hünär we hünär-tehniki okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Ussat gören şägirt her ädimde ýorgalar» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji Döwlet tapgyry 2022-nji ýylyň mart aýynyň 17-sine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirildi.
Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmatbaha sowgatlar hem-de degişli diplomlar gowşuryldy.
Döwrangeldi Moýtyýew,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy