Häzirki zaman şertlerinde " 3D elektron kitaphanasy" bir tarapdan adaty kitaphanalaryň weziperlerini ýerine ýetirýän hem bolsa, başga bir tarapdan, kompýuter we telekommunikasion tehnologiýalarynyň esasynda elektron gorlary guramak we saklamak hem-de olary ilata elýeterli etmek wezipesini hem alyp barýar. "3D elektron kitaphana" adalgasynyň birnäçe dürli düşündirişleri peýda boldy. Şol bir wagtda, adatça "3D elektron kitaphanasy" diýilip elektron resminamalaryň dürli görnüşlerini ygtybarly saklamaga we netijeli ulanmaga mümkinçilik berýän maglumat beriş ulgamyna düşünilýär, elektron kitaphanalary döretmegiň esasy maksadynyň şulardan ybarat bolup durýandygyny bellemek gerek:

  • Çap edilen maglumatlaryň abatlygyny saklamak;
  • Çap edilen maglumatlaryň elýeterligini üpjün etmek üçin zerur şertlerini döretmek;
  • Maglumat habar beriş hyzmatlaryň gerimini giňeltmek;
  • Jemgyýetiň aň-düşünjesiniň ösmegi üçin, degşli edara-guramalary döwrebap enjamlaşdyrmak we olaryň häzirki zaman kämil derejede hereket etmegini gazanmak.

3D elektron kitap diýmek elektron nusgada - "SANLY" görnüşde taýýarlanan kitapdyr.

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm