Grafika kafedrasy


Kafedrada stanok grafikasy, kitap grafikasy, plakat grafikasy ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Talyplar esasan hem grafikanyň materiallaryny, çap grafikasynyň dürli tehnikalaryny we onuň anyk mümkinçiliklerini, kitabyň, plakatyň, stanok grafikasynyň taslama çözgütleriniň serişdelerini öwrenýärler.
Kafedranyň mugallymlary we talyplary ýurdumyzda çap edilýän täze kitap neşirleriniň bezeg işlerine işjeň çekilýärler. Grafika kafedrasynyň mugallymlary we talyplary döwlet bäsleşikleriniň birnäçesinde baýraklar aldylar. Bu kafedranyň uçurymlary ýurdumyzyň neşirýat gullugynda, muzeýlerde, ýokary we ýörite çeperçilik mekdeplerinde zähmet çekip bilýärler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm