Page 281 - Gujurly 2019
P. 281
SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI 281
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň
2017-nji ýylyň uçurymy Myrat Hojanowyň
«Türkmenistanyň nakgaşçylygynda
nebit-gaz temasy» atly albomy onuň
diplom işi esasynda taýýarlanyldy. Albom
Türkmenistanyň nakgaşçylygynda nebit-
gaz temasyny sungaty öwrenijilik taýdan
öwrenmek bilen ylmy maglumatlary,
peýdalanylan edebiýat we suratlar bilen
üpjün edilen.
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň
2014-nji ýylyň uçurymy Döwletmyrat
Durdyýewiň Türkmenistanyň halk
suratkeşi Ata Akyýewe bagyşlap ýerine
ýetiren kitabynda suratkeşiň çagalyk
ýyllaryndan başlap, häzirki günlerine
çenli onuň ömri we döredijilik ýoly
yzarlanýar. Bu iş ýaş sungaty öwrenijiniň
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademýasyny tamamlanyndan soňky
ilkinji özbaşdak döreden işleriniň biridir. Ol
bu kitapda suratkeşiň döredijilik eserlerini
içgin öwrenmek bilen onuň döredijilik
ýoluny birnäçe döwürlere bölýär we her
döwre mahsus atlandyrýar. Bu ýerde ýaş
sungaty öwrenijiniň ilkinji synanşyklaryny
görmek bolýar.
МС