Page 9 - Gujurly 2018
P. 9
GUJURLY ÝAŞLAR - 2018 9
WATANYMYŇ WASPY ÝAŞLARYŇ
DÖREDIJILIGINDE
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň at-abraýy barha
belende galyp, ajaýyp ýeňişleri taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.
Medeniýetde, sungatda, sportda, ykdysadyýetde we dürli pudaklarda gazanylýan
üstünlikler bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen sungatyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde
alyp barýan işleri her bir adamyň ylham guşuny ganatlandyryp, döredijilikli
zähmet çekmegine badalga berýär. Sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda dürli temalara bagyşlanan şahsy we
toparlaýyn sergileriň, halypalar bilen döredijilikli söhbetdeşlikleriň ýygy-ýygydan
geçirilmegi, okuw jaýymyzda bilim alýan talyp ýaşlaryň şekillendiriş sungatyna
batyrgaý hem-de döredijilikli çemeleşmegine giň ýol açýar. Gurnalýan sergileriň uly
toý mysaly hemişe köp adamly bolmagy ýöne ýerden däldir. Çünki, sergä baryp
ony synlamagyň aýratyn bir ýakymy we özboluşly lezzeti bar. Sungat eseriniň
her biri seni täze bir dünýä, täzelikleriň uly toplumyna gaýbana syýahata atarýar.
Ýaş suratkeşler özleriniň giň dünýägaraýyşy bilen taryhy şahsyýetleriň batyrgaý,
gaýduwsyz keşplerine, tebigatyň haýran galdyryjy gözelliklerine, obalaryň her bir
pasyldaky ajaýyp özboluşlylygyna hem-de halk döredijiligine, milli senetlerimiziň
köp öwüşginli bezeglerine ýüzlenýärler.
Sungat ojagymyzda eýýam birnäçe ýyl bäri däp bolup gelýän aýratyn zehinli
ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen zehinli talyplardan
düzülen “Gujurly ýaşlar” topary döredildi. Bu toparyň sergisi ilkinji gezek 2016-
njy ýylyň dekabr aýynyň 15-ne geçirildi. Sergide aýratyn zehinli talyplaryň öz
başarnyklaryna görä döredilen dürli temalara degişli eserleri ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýlip atlandyrylan ýylymyzda
hem gujurly ýaşlarymyzyň döreden sungat eserleriniň “Gujurly ýaşlar” diýip
atlandyrylýan sergisi uly dabara bilen geçirildi. Sergä okuw jaýymyzyň başarnykly,
zehinli talyplary gatnaşyp, olar “gujurly ýaşlar” diýip atlandyryldy. Ýaş sungaty
söýüjiler özleriniň saýlap alan hünärlerine görä dürli temadaky eserleri bilen sergä
gatnaşdylar. Serginiň dabaraly açylyşynda halypalar, meşhur suratkeşler hem-de
sungaty öwrenijiler geljekki ýaş suratkeşlere iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Her
ýylda geçirilýän “Gujurly ýaşlar” sergisiniň talyplaryň döredijiliginiň kämilleşmegine
uly itergi berýändigi aýratyn nygtaldy. Zehinli talyplarymyz ussatlygyň akademiki
esaslaryny özleşdirip, sungatda öz ýoluny tapmaga, onuň ruhy özenini açyp
görkezmäge, ynsan kalbynyň, janly tebigatyň, olaryň dürli ugurlarda özara
arabaglanyşygynyň bardygyny açyp görkezmäge çalyşýarlar.
Talyplaryň döreden eserleriniň arasynda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen
“Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisi bilen baglanyşykly eserler aýratyn öwgä
mynasypdyr. Ondan başga-da ýaşlaryň döredijiliginde ýylymyz bilen baglanşykly
eserler, oba durmuşy, ýurdumyzyň bedew batly ösüşi bilen baglanşykly eserler
aýratyn bellemäge mynasypdyr.
Zehinli talyplar M. Gubyýewiň “Gündogar alymlary”, R. Abdullaýewiň “Nusaý
ýakasy”, N. Nobatowyň “Seýitnazar Seýdi”, Ý. Nurmyradowyň “Ýüpek ýol”,