Page 10 - Gujurly 2018
P. 10
10 GUJURLY ÝAŞLAR - 2018
T.Çopanowyň “Magtymguly Hindistanda” atly nakgaş eserlerde türkmen halkynyň
taryhy we meşhur şahsyýetleriň keşpleri beýan edilýär. Bu eserleriň taslamalary ýyly
reňk öwüşginleri bilen ýazylan. Ýaş suratkeşler M. Bäşimowanyň “Ene mähri”, D.
Akynýazowanyň “Sazlaşyk”, Ö. Ereşowyň “Pulhatyn köprüsi”, M. Welmyradowanyň
“Babagammar”, S. Rejepowanyň “Jelalaeddin Rumy”, S. Gylyjowyň “Wagt” diýen
işleri grafikanyň dürli serişdelerinden habar berip özboluşlylykly ýerine ýetirilipdir.
Sungat ojagynyň talyp ýaşlarynyň has uly göwrümli eserleri olaryň özbaşdak
döredijilik dünýäsi bilen baglanşykly bolup, many-mazmun boýunça agramly hem
çeperçilik taýdan kämildigine şaýatlyk edýär. Bu sergide ýaýbaňlandyrylan eserleriň
guwandyryjy tarapy bolsa türkmen çeperçilik sungatynyň geljekki ussatlarynyň ýetişip
gelýändigindedir. Ýurdumyzy uly üstünliklere atarýan ýaş nesle giň mümkinçilikleri
döredýän Gahryman Arkadagymyza biz-ýaş sungaty söýüjileriň alkyşlary çäksizdir!
Azat Alihanow,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň uly mugallymy.