Page 6 - Gujurly 2018
P. 6

6      GUJURLY ÝAŞLAR - 2018









                                           KÄMILLIK ÝOLY










                  “Türkmenistan  –  Beýik  Ýüpek  ýolunyň  ýüregi”  ýylynda  eziz  Diýarymyz
            rowaçlyga,  bagtyýarlyga  beslenip,  bedew  bady  bilen  öňe  barýar.  Gahryman
            Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly, bilimli,
            giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
                  Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik  akademiýasynyň  sergiler  jaýynda
            “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda  dekabr aýynyň 15-ne “Gujurly
            ýaşlar” atly döredijilik sergi açyldy. Bu sergide nakgaşçylyk, grafika, heýkel, dizaýn
            we binagärlik we amaly-haşam ugurlary boýunça okaýan zehinli talyplaryň döredijilik
            eserleri we ýaş sungaty öwrenijileriň taýýarlan albomlary görkezilýär. Sergä gelen
            tomaşaçylarda talypalaryň ýerine ýetiren taslamalary uly täsir galdyrdy. Döredijilikli
            sergidäki taslamalarda Türkmenistan Döwletimiziň beýik ösüşleri suratlandyrylýar.
            “Gujurly ýaşlar” atly döredijilik taslamasy gelejekgi ýaş nesiller üçin Türkmenistanyň
            Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýüzi bolup durýar. Bu taslama akademiýa üçin
            uly abraý diýsek hem ýalňyşmarys. Türkmen sungatynyň kämil täze nesliniň kemala
            gelýan,  ojagy  bolan  Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik  akademiýasynda  okaýan
            ýaş talyplar üçin işlemäge täze-täze gözlegleri amala aşyrmaga doly şertler bar.
            Elbetde sergide görkezilen eserler talyplaryň kämillik ýoluna tarap barýan döredijilik
            ugrynyň  şu  günki  günde  ýeten  derejeleriniň  hasabaty  bolup  durýar.  Sergide  her
            talyp öz döredijilik ýoly we döreden täze eserleri bilen tanalýar. Sebäbi çeperçilik
            akademiýamyzyň halypa mugallymlarynyň çekýän zähmetiniň ulydygyny aňlatýar.
                  Sergide  ýerleşdirilen  heýkel  eserler  talyplaryň  zehinini  açyp  görkezýär.
            Esasanam sport temasyndan döredilen eserler has özüne çekiji. Sport halkymyzyň
            abraýyny ýokarlandyrmaga, dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemegine oňyn
            täsirini ýetirýär. Talyplarymyz hem Döwlet ösüşlerinden ruhlanyp bu üstünlikleri öz
            eserlerine siňdirmeklige çalyýarlar. Sungat ojagymyzyň gujurly talyplary döreden
            işlerinde özleriniň ýürek joşgunlaryny, gözleglerini, gyzyklandyrýan pikirlerini inçelik
            bilen  suratlandyrmagy  başarypdyrlar.  Geljekde-de  zehinli  talyp  ýaşlarymyzyň
            galamynyň ýiti bolup döredijilik äleminde uly üstünliklere ýetmegini arzuw edýärin.



                                                                                  Babasary Annamyradow
                                                                         Türkmenistanyň Halk suratkeşi
                                                                     Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
                                                                     akademiýasynyň hormatly doktory
                                                               Türkmenistanyň hormatly il ýaşy ulysy
   1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11