Page 7 - Gujurly 2018
P. 7
GUJURLY ÝAŞLAR - 2018 7
GUJURLY ÝAŞLAR – ZEHIN
BAŞARNYGYŇ GÖZLEGINDE
Sungat – bu döredijilik işlerimiziň miwesi. Munuň şeýledigine Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň Sergiler jaýynda yzygider geçirilýän döredijilik sergileriniň
mysalynda aýtmak bolýar. Okuw we jemgyýetçilik işleriniň daşyndan, hususy
döredijilik işlerimizi artdyrmaga bolan güýçli inisiatiwalarymyz döwrümiziň we
döwletimiziň şekillendiriş sungatyny ýyl saýyn baýlaşdyrýar. Ýyl senelerimize ajaýyp
öwüşgün berýär.
Dünýä halklarynyň sungat taryhyny öwrenenimizde, biz ilkinji nobatda,
öz döwründe jemgyýetiň çuňňur psihologiýasyny we döwlet ideologiýasyny
suratlandyrmagy başaran ussat suratkeşler barada maglumatlary okaýarys.
Mikelandželo diýlende - Italiýany, Rembrant diýlende - Gollandiýany, Welaskes
diýlende - Ispaniýany, Delekrua diýlende - Fransiýany, Repin diýlende - Russiýany,
Yzzat Gylyjow diýlende - Türkmenistany göz öňüne getirýäris.
Diýmek, şahsyýet öz döwrüni we eýýamyny özünde jemlemegi başarýar.
Munuň üçin ägirt uly güýç we gaýrat gerek. Ynsan, öz akylyndan agdyk gelýän
zatlary ýokarky güýçleriň täsiri bilen bolýar diýip çözgüt çykarýar. Çünki geniler,
diňe ýokarky güýçleriň kömegi bilen beýik işleri amala aşyryp bilýärler diýip düşünje
berýärler. Muňa garşylyklaýyn pikir ýöredenimizde, eýýäm ylymda adamyň öz
potensiýalynyň diňe ujypsyz bölegini harç edýändigi barada delilnamalar getirilýär.
Hat-da, ynsanyň tebigatynda, ýagny gurluşynda akylyny doly ulanmagy başaran
ýagdaýynda, onuň asmana uçmaga-da mümkinçiliginiň boljakdygy barada hem
aýdylýar.
Durmuş özüniň täsinlikleri bilen gyzykly. Döredijilik hem şeýle. Birimiz tebigatyň
aşygy. Ýene-de birimiz durmuş aladalaryny suratlandyryp lezzet alýarys. Döredijiligiň
ahyrky nokadyny hiç kim bilmeýär. Şonuň üçin hem sungat adamlary özleriniň
durmuşyny manyly geçirýärler. Olar hemişe joşup geljek ylhamyň lezzetine garaşyp
ýaşaýarlar. Ruhy baýyň ömri hem baý. Onuň dünýäsinde ähli isleýän zatlary bar.
Muny biz çeper döredijiligiň dünýäsine içgin aralaşanymyzda has-da aýdyň duýýarys.
Döwlet çeperçilik akademiýasynda däbe girizilen “Gujurly ýaşlar” döredijilik
taslamasy, şu günki jemgyýetimizi gurşap alýan wakalary hem-de ýaşlarymyzyň täze
durmuşa bolan garaýyşlaryny beýan edýär. Nakgaşçylyk we grafika, heýkeltaraşlyk
we keramika, halyçylyk we zergärçilik, arhitektura we dizaýn, sungatyň nazaryýeti we
taryhy hünärleri boýunça onlarça täze eserler dünýä indi. Olary synlap guwanýarsyň.
Ýaşlarymyzyň zehin-başarnyklaryna buýsanýarsyň.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen milli mirasyna berilýän
üns we aladalar, jemgyýetimiziň sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen halkara ykdysady
gatnaşyklarymyzyň aýrylmaz baglanyşygy, onuň milli medeniýetimizde tutýan orny,
ajaýyp döwrümiz bilen sazlaşygy, Watana söýgi döretmek äheňdäki işler hödürlendi.
Şeýle-de, Belent mertebeli Prezidentimiziň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň
ýüregi” atly kitaplaryndaky çuňňur mazmunly taryhy maglumatlaryny beýan edýän
rowaýatlary, eziz Watanymyzyň dünýäde dabaralanýan dostlukly döwlet syýasatynyň
gözbaşlary baradaky mazmunly wakalary we pikirleri özünde jemleýän taslamalary
öňe çykaryldy