Page 8 - Gujurly 2018
P. 8
8 GUJURLY ÝAŞLAR - 2018
Biz, bagtyýarlyk döwrüniň waspçylary bolan ýaşlarymyzyň Türkmenistanyň
şekillendiriş sungatynyň abraýyny halkara derejesinde belende galdyrmakda alyp
barýan işlerinde, halypalaryň hem paýynyň bardygyny unutmaly däldiris. Çünki,
berlen maslahatlar, okuw-usuly görkezmeler, tejribe sapaklary ýaş zehinlere belli-
bir derejede kämil pikir ýöretmäge ýardam edýär.
“Gujurly ýaşlar 2018” döredijilik sergisi ýokary okuw mekdebimiziň taryhynda
örän möhüm yz galdyrjak we täze sungat ýolumyzyň ösmegine itergi berjek pursat
hökmünde ýatlanjakdygyna ynandyrýar. Çünki, bu ýylda gujurly ýaşlarymyzyň
sanynyň has-da artmagy hem-de olaryň ýerine ýetirijilik ukyplarynyň giňemegi bu
pikirleri goldaýar.
“Gujurly ýaşlar” sergisiniň ýene-de bir aýratynlygy, ol hem ýaş zehinlerimiziň
özlerini hut suratkeşler hökmünde kabul etmekleri, temany we şerti erkin
saýlamaklary, galyberse-de taslama çözgüdine özbaşdak çemeleşmeleri okuw-
döredijilik işlerimizde täzelikdir.
Men, “Gujurly ýaşlar” sergisine gatnaşan zehinli talyplarymyza durmuşda
üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, olar watanymyza wepaly ogul-gyzlar bolup, türkmen
sungatymyzyň at-abraýyny has-da belende götersinler!
Nurýagdy Ýagşymyradow,
ylmy işler boýunça prorektor,
sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty,
ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär.