Page 4 - Gujurly 2018
P. 4
4 GUJURLY ÝAŞLAR - 2018
ZEHINLI ÝAŞLARYMYZYŇ
ROWAÇLYKLARY
Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda Berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwründe ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzda medeniýeti,
şekillendiriş sungatyny ösdürmäge giň ýol açyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň tagallasy bilen häzirki döwürde ýaş türkmen suratkeşleriniň
döredijiliginiň kämilleşmegine uly mümkinçilik berilýär. Muňa Türkmenistanyň
Döwlet çeperçilik akademiýasynda asylly däbe öwrülip geçirilýän “Gujurly ýaşlar”
atly zehinli talyp ýaşlaryň döredijilik sergisi mysal bolup biler. Bäsleşik sergisine
akademiýanyň 200-den gowrak gujurly, ýaşlary gatnaşýar. Olaryň ýadawsyz
zähmeti we açyk zehini şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerinde: nakgaşçylykda,
grafikada, heýkeltaraşlykda, dizaýn taslamalarda, hem-de amaly-haşam sungatynyň
we sungaty öwrenijileriň işlerinde dürli žanrlaryň üsti bilen beýan edilýär.
Talyplaryň döredijilik aýratynlyklaryny açyp görkezýän işlerinde döwletimiziň
belent sepgitleri, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň nurana keşbi, taryhy Beýik Ýüpek
ýolunyň şaýady bolan gadymy ýadygärliklerimiz, medeni gymmatlyklarymyz, bir söz
bilen aýdanymyzda Watanymyzyň gözel keşbiniň waspy ýetirilýär. Ýaş suratkeşler
Hormatly Prezidentimiziň sungaty ösdürmeklikde alyp barýan işlerine jogap edip,
ýürek begençlerini, buýsançlaryny öz döredýän eserlerine uly yhlas bilen siňdirýärler.
Bu zatlaryň baryny beýan etmäge we iňçe döredijilik diline geçirmäge talyplara,
çeperçilik akademiýasynyň okuwynda esasy ähmiýete eýe bolan akademiki usulyýeti,
realizm sungaty ýardam berýär. Akademiki ugurdan daşary ýaş zehinler, XXI asyryň
modernistik sungaty üçin häsiýetli şekillendiriş serişdeleri ulanyp, häzirki zaman
türkmen şekillendiriş sungatyny ösdürmekde aýgytly gözlegleri başdan geçirýärler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sungatynda milli ruhuň
güýçlenendigini, Watana bolan söýgüniň beýanynyň şekillendiriş sungatynda
uly orun alandygyny göreldeli talyplaryň ukyp başarnyklaryny açyp görkezýän
eserlerde äşgär edilýär. Ýaş suratkeşleriň şekillendiriş sungatynda öz ýollaryny
tapmaga synanyşyklar çuň many-mazmunly dürli temalara ýüzlenen eserlerde,
dürli ölçegli we tehniki tilsimlerde ýerine ýetirilen işlerde görmek bolýar. Elbetde,
bu işleriň ählisi çeperçilik akademiýada asylly ýol ýörelgesine gönükdirilen halypa-
şägirtlik mekdebiniň berýän oňyn netijeleri, ýagny ussat halypa mugallymlarymyzyň
talyplaryň gursagyna guýan biliminiň ýerine düşendigini görkezýär.
Türkmenistanyň şekillendiriş sungatyny ösdürmekde ruhubelent we gelejege
bolan uly ynamly talyp-ýaşlarymyza döredijilik äleminde işleriniň rowaç bolmagyny
ak ýürekden arzuw edýäris!
Ahatmyrat Nuwwaýew,
Medeniýeti öwreniş ylymlarynyň kandidaty,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň rektory