Page 282 - Gujurly 2018
P. 282
282 SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI
SUNGAT ÄLEMINIŇ
GUJURLY ÝAŞLARY
Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda her ýylda däp bolşy
ýaly, “Gujurly ýaşlar” atly döredijilik sergisi yzygiderli geçirilýär. Bu sergide zehinli
talyplaryň döreden eserleri sungat muşdaklaryna aýratyn lezzet berýär. Ýaşlaryň
ýerine ýetiren işleri taslama çözgüdiniň ýitiligi, şol bir wagtda paýhasly pikiriň çuňlugy
bilen öz muşdagyny haýran edýär. Eserlerde temalarynyň dürliligini, türkmen
halkynyň şöhratly geçmiş taryhyny, häzirki döwrüň ösüşlerini beýan edýän wakalaryň
toplumyny göreniňde ajaýyp duýgular döreýär. Golaýda geçirilen sergide döredijilik
bilen meşgullanýan talyp ýaşlaryň – Ýalkap Garryýewiň “Kerweniň ugrunda”, Maral
Hudaýgulyýewanyň “Garagumyň jümmüşinde”, Sülgün Rahmanowanyň “Ösüşe
tarap”, Kerim Orazberdiýewiň “Awtoralli” eserleri has-da täsirliligi bilen tapawutlandy.
Ýalkap Garryýewiň bu taslamasynda mährem enäniň keşbi görkezilýär. Şeýle-de,
bu eserde türkmen alabaý itiniň we ahalteke bedewiniň keşbiniň, alysdan görünýän
düýeli kerwenleriň janlandyrylmagy türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna bolan