Page 286 - Gujurly 2018
P. 286
286 SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI
SPORT YAŞLARYŇ
DÖREDIJILIGINDE
Diýarymyzda her bir döwlet derejesinde geçirilýän baýramçylyklar, bäsleşikler
ýaş suratkeşleriň eserlerinde öz beýanyny tapyp, bu işleri bilen ýaşlar döredijilik
sergisine gatnaşýarlar. Şeýle sergileriň biri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynda geçirilen «Gujurly ýaşlar» sergisidir. Bu sergide ýokary okuw
mekdebimiziň talyplary öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Sergide talyplaryň
aglaba böleginiň işlerinde «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyndan diirli
pursatlary görmek bolýar. Aýratyn hem «Dizaýn» kafedrasynyň zehinli talyplary
Ý.Rejepowanyň, K.Orazberdiýewiň, A.Arslanowanyň, şeýle-de E.Rahmankulowyň,
K.Öwezgeldiýewiň sergä hödürlän işlerinde halkara awtoralli ýaryşyndan ulaglaryň
aldym-berdimli bäsleşigini, Garagum sährasynyň gözelligini synlap bolýar.
«Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi amaly-haşam sungatynda-da
öz beýanyny tapdy. Işleriň birnäçesi haly önümlerine çitilip, küýzäniň ýüzünde
şekillendirilip, dürli öwüşginlerde beýan edildi. Heýkeltaraşlyk kafedrasynyň zehinli
talyby M.Myradowyň relýef görnüşli heýkel eseri ýaryşyň gidip duran pursadynda
awtoralli ulaglarynyň çalt depginde pellehana barýan görnüşi şekillendirilen. Olaryň
arka tarapynda Watanymyzyň medeni-arheologik ýadygärlikleri görkezilýär. Eseriň
kiçijek bölekleriniň doly anyklyk bilen işlenilmegi döredijiniň zehinini ýene bir ýola
subut edýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen «Gujurly ýaşlar»
sergisi zehinli talyplaryň öz başarnyklaryny görkezmäge ýardam edýär. Bagtyýar
zamanada sungatymyzy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman
Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Annajahan Sapargeldiýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň 2-ýyl talyby.
Nesil gazeti 04.12.2018