Page 284 - Gujurly 2018
P. 284

284      SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI






                          SPORT WE DÖREDIJILIK









                  Mähriban Arkadagymyzyň  parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň
            bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzda medeniýetde, sungatda uly ösüşler gazanylýar.
            Hormatly  Prezidentimiziň  ýurdumyzyň  medeniýet  ulgamyny  ösdürmek  baradaky
            tagallalaryndan  ugur  alyp,  Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik  akademiýasynda
            ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly işler alynyp barylýar.
                  Zehinli talyplar halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda şekillendiriş sungatynyň
            inçe syrlaryny öwrenmek bilen, guralýan dürli sergilere işjeň gatnaşýarlar.  birnäçe
            sergilere gatnaşýarlar. Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
            talyplary  özleriniň  taýýarlan  sungat  eserleri  bilen  “Gujurly  ýaşlar”  atly  döredijilik
            sergisine gatnaşdylar. Sergide “Amul-Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşyndaky
            pursatlara  degişli  eserleri  dizaýn  kafedrasynyň  zehinli  talyplary  Ýazjemal
            Rejepowanyň, Aýsoltan Arslanowanyň,  Eziz Rahmankulowyň hem-de Kakamyrat

            Öwezgeldiýewiň işlerinde has aýdyň görmek bolýar. Talyplar özleriniň eserlerinde
            halkara awtoralli ýaryşynda Garagum sährasynyň gözelliginde  ulaglaryň bäsleşýän
            pursatlaryny şöhlelendirýärler. Amaly-haşam kafedrasynyň talyby Ahmet Orryýewiň
            relýef görnüşli keramikasynda awtorallä gatnaşan ulagyň çalt depginde pellehana
            barýan görnüşi şekillendirilipdir. Şeýle hem, eserde medeni-arheologiki ýadygärlikler
            görkezilýär.
                  “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisi grafika sungatynda-da öz beýanyny tapdy.
            Göreldeli talyp deň-duşlarymyz Gülşat Annamyradowa, Ogulmaral Şamyradowa,

            Annadursun  Babaýewa,  Söhbet  Gylyjow  halkara  awtoralliniň  ähmiýetini  hem-
            de  onuň  ugrynda  ýerleşýän  taryhy-medeni  ýadygärlikleri,  tebigat  täsinliklerini  öz
            işlerinde çeperçilik bilen şöhlelendirmegi başarypdyrlar. Eserleriň kiçijek bölekleriniň
            doly anyklyk bilen işlenilmegi döredijiniň zehinini ýene bir ýola subut edýär. Talyplar
            öz  döreden  ajaýyp  eserlerini  akwarel  kagyzyň  ýüzünde,  tuşuň,  peronyň  kömegi
            bilen ýerine ýetiripdirler.
                  Ýaş  suratkeşler  işlerinde  özleriniň  ýürek  joşgunlaryny,  pikirlerini  ussatlyk
            bilen janlandyrmagy başarypdyrlar. Mundan beýläk hem ýaş suratkeşlere sungat
            äleminde  uly  şowlulyk  arzuw  edýäris.  Şeýle-de,  biz  ýaşlara  taryhymyzy  öwrenip
            täze  döwrebap  eserleri  döretmäge  uly  mümkinçilikleri  döredip  berýän  Hormatly
            Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Hormatly Prezidentimiziň jany sag,
            belent başy aman bolsun! Il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama

            rowaç alsyn!


                                                                                                   Oguldursun Çüriýewa
                                              Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
                                                    “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň  III ýyl talyby.
                                                                       Türkmen sporty gazeti. 22.12.2018
   279   280   281   282   283   284   285   286   287   288