Page 277 - Gujurly 2018
P. 277
SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI 277
Albom “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy
Jeren Baltaýewanyň ýolbaşçylygynda şol kafedranyň
4-nji ýyl talyby Ogulnur Pirliýewa tarapyndan ýerine
ýetirildi. Bu işde Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat
heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň döredijiliginde
portret eserlerine seljerme berilen. Türkmen we daşary
ýurt sungaty öwrenijileriň, suratkeşleriň ussadyň döreden
portretleri baradaky sözleri rus we türkmen dillerinde
ýerleşdirilen. Şeýle hem, fotosuratlar we olar baradaky
maglumatlar görkezilýär.
Albom “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy
Jeren Baltaýewanyň ýolbaşçylygynda şol kafedranyň
3-nji ýyl talyby Jumagül Myradowa tarapyndan ýerine
ýetirildi. Bu albomda dünýä ýurtlarynyň atly heýkellerine
bagyşlanan makala we fotosuratlar ýerleşdirlen. Türkmen
we daşary ýurt heýkeltaraşlaryň döreden meşhur atly
heýkelleri ýaş suratkeşler üçin nusga hökmünde hyzmat
eder.