Page 287 - Gujurly 2018
P. 287

SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI                        287





                                                            SUNGATYM  BAR,



                                                                  SARPAM BAR




                                         Berkarar    döwletimiziň    bagtyýarlyk    döwründe    hormatly    Prezidentimiziň
                                   ýolbaşçylygynda    Türkmenistan  uly    ösüşlere    eýe  bolýar.    Döwletimiz    tarapyndan
                                   sungatymyzy,  medeniýetimizi,milli    mirasymyzy    dünýä    derejesine  çykarmak,ýaşlaryň
                                   dünýägaraýşyny  giňeltmek  ugrynda  düýpli  özgertmeler amala aşyrylýar.
                                         Gahryman  Arkadagymyz:”Watana  söýgi,geçmişine    buýsanç,şu    günüňe
                                   guwanç,geljegiňe  ynam,şanly  taryh  geçmişden  gözbaş  alýar.  Hut  şonuň  üçin  hem  her
                                   bir nesil şöhratly taryhyny, medeni üstünliklerini-milli buýsanjyny çuňňur  bilmelidir”diýip
                                   belleýär.
                                         Her bir ýurduň   döredijilik  işgärleri,ýazyjy şahyrlar,suratkeşlerdir zergärler öz döredýän
                                   eserleri,işleri bilen şol ýurduň  keşbini açyp görkezýärler. Haýsy ýurduň sungaty,edebiýaty
                                   ösen bolsa,şol ýurt  güýçli döwlet hasaplanýar.Häzirki wagtda biziň sungat ojagymyz bolan
                                   Türkmenistanyň    Döwlet  Çeperçilik  akademiýasynda    okap,bilim  alýan  talyp  ýaşlaryň
                                   döredýän eserlerinde hem  ýurdumyzyň şu güni we  geljegi şöhlelenýär.Dünýä gözelligi
                                   adamlaryň ýüreginde jemlenen.şol  gözellikleri ähli dilde,sözsüz düşündirýän  ynsanlar hem
                                   sungat işgärlerdir.Dünýä gözelligi bolsa olaryň döredýän ajaýyp sungat eserlerindedir.Uly
                                   yhlas bilen  döredilen eserleri synladygyňça, synlasyň gelýär.Bu  bolsa çeperçilik ýollarynyň
                                   inçe syrlaryny halypa mugallymlarymyzdan öwrenýän  talyplarymyzyň geljekde sungat
                                   älemine  uly  goşant  goşjakdyklaryndan  nyşandyr.Ýaşlaryň  ylym—bilime,  sungata  bolan
                                   höwesiniň we arzuwlarynyň amala aşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly
                                   Prezidentimize  alkyşymyz çäksizdir. Sungatyň,medeniýetiň Hak Howandary  Gahryman
                                   Arkadagymyzyň  ynamyny  ödäp,çuňňur  bilimli  hünärmenler  bolup  ýetişip,Watanymyzyň
                                   at-abraýyny dünýä ýaýyp,halkymyza ak ýürekden hyzmat etjekdigimize ynandyrýarys.


                                                                                                               Ogulnur Gülhanowa,
                                                                         Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
                                                                      “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby.
                                                                                                                     Nesil. 29.11.2018
   282   283   284   285   286   287   288