Page 281 - Gujurly 2018
P. 281
SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI 281
SERGI TÄSIRLERI
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda zehinli talyp
ýaşlaryň taýýarlan sungat eserleriniň sergisi guraldy. “Gujurly ýaşlar” ady bilen indi
birnäçe ýyldan bäri däbe öwrülen bu sergide ýokary okuw mekdebimizde sungatyň
dürli ugurlary boýunça bilim alýan talyplaryň 200-den gowrak eserleri görkezildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sungatyň dürli
ugurlaryny ösdürmäge uly üns berilýär. Bu işe biziň ýokary okuw mekdebimiziň
talyplary hem uly goşant goşýarlar. Bu ýerde heýkeltaraşlyk hünärinden bilim
alýan talyplaryň 20-den gowrak eserleri özüniň çeperçiligi bilen ünsi çekýär. Olarda
döwletimiziň ösüşleri, medeni, sport ulgamlaryndaky şanly wakalar öz beýanyny
tapýar. Şeýle-de mähriban Arkadagymyzyň kitaplaryndaky taryhy wakalar,
rowaýatlardyr tymsallar bilen baglanyşykly heýkeltaraşlyk hem-de şekillendiriş
sungatynyň eserlerinde turuwbaşdan ünsüň eglenýär.
2018-nji ýylda bolup geçen ençeme şanly wakalar taryhyň sahypasyna altyn
harplar bilen ýazyldy. Talyp Meýlis Myradowyň “Awtoralli” diýen sungat eseri
“Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanypdyr. Talyp Ahat Mälikowyň
“Ýaş çempion” atly sungat eserinde bolsa ýaş küştçi gyzyň keşbi görkezilipdir.
Patdyk Patdykowyň “Halyçy gözel” atly eserinde halkymyzyň dünýä medeniýetine
goşan goşandy hökmünde ykrar edilen nepis halylarymyzy dokaýan ezber gelin-
gyzlarymyzy şekillendiripdir.
Umuman, sergi ony synlanlaryň ýatdan çykmajak täsirleri bagyş edýär. Ýaşlar
özlerine okamaga, döredijilik bilen meşgullanmaga döredýän mümkinçilikleri üçin
milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
Maýa Baýjikowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Sungaty öwreniş kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby
Mugallymlar gazeti. 19.12.2018