Page 276 - Gujurly 2018
P. 276
276 SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI
"Sungaty öwreniş" kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby
Guwanç Mämiýewiň sungaty öwreniş ylymlarynyň
kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradowyň ýolbaşçylygynda
ýerine ýetirilen “Ykballaryň tejribesi – kämilligiň terbiýesi”
atly kitapda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe
abraýly zähmet çekýän şekillendiriş sungatynyň
görnükli wekilleriniň, döredijilik hakyndaky aýdanlary,
durmuş menzillerindäki gyzykly pursatlary hem-de
ýaşlaryň geljekde öz ýollaryny tapmaklyk ugrunda nähili
bolmaklary baradaky ündewleri jemlenýär. Bu ylmy-usuly
kitap ýaş döredijiniň sungat ýolunda çeken zähmetiniň
üstünliklere beslenmegine, maksatly ýaşamagyna,
kämil şahsyýet bolup ýetişmegine itergi berer.
"Sungaty öwreniş" kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby
Saparow Şatlygyň we onuň halypa mugallymy Ogulabat
Muhatowanyň ýardam etmeginde Türkmenistanyň belli
heýkeltaraşy Seýitguly Artykmämmedowyň döredijilik
ýoluny açyp görkezýär.