Page 7 - Gujurly 2019
P. 7
aýdylanda, ilki bilen olaryň ýerine ýetiren eserleri göz öňüňde janlanýar. Bu bolsa,
olary döredijilik adamlary hökmünde kabul etmäge, iň esasy guwandyrýan hakykat
bolsa, ol hem döwletimiziň sungatyna mynasyp goşant goşup biljek adamlaryň
döreýändigini biziň her birimize mälim edýär. Şeýle pikirler “Gujurly ýaşlar” toparynyň
işini alyp barýan guramaçylary ilki bilen begendirýär.
Dört ýylyň beren miweleri barada aýdylanda, taryhy, epiki, durmuşy, natýurmort,
peýzaž, portret ýaly žanrlaryň baý temalary häzirkizaman nakgaşçylygynyň goruny
köpeltdi. Bu ýagdaýlar grafika we heýkeltaraşlyk hünärlerinde hem şeýle. Ynha
dizaýn sungaty barada aýdylanda bolsa, bärde ýene-de nakgaşlyk usullarynyň
güýçli täsirlerini ýerine ýetirilen bezeg işlerinde görýäris. Ýagny jaýlaryň interýerleri
üçin taýýarlanan pannolar hamana nakgaşlyk eserleri ýaly görünse-de, esasy
gönükmesi bezeg üçin niýetlenipdir. Tekstil önümçiligi üçin berilýän taslamalar örän
ajaýyp. Öý hojalygynda peýdalanýan dürli atributlar, ýagny çyralar, diwarlyklar,
stollar, stullar we ş.m.
Binagärlik taslamalarynda häzirkizaman medeni maksatly jaýlara uly ähmiýet
berilýär. Amaly-haşam sungaty sergide özüniň mynasyp ornuny eýeleýär. Haly,
keramika we zergärçilik eserleri barada örän köp täzelikler aýtmak mümkin. Bu
ugurda ýaşlarymyz milli mirasymyzyň ülňülerine esaslanyp, häzirki bagtyýarlyk
döwrümiziň öňdebaryjy temalaryna uly üns berýärler. Bärde sport, taryh, şäher,
zähmet we ş.m. temalar bilen baglanyşykly ýaşlyk we söýgi temalary öňe saýlanýar.
Meni guwandyrýan hakykat, bu hem ýaş sungaty öwrenijileriň özbaşdak
taýýarlaýan çeper kitaplary. Bu kitaplarda suratkeşleriň döredijilik ýoly, binagärligiň
taryhy we sungat nazaryýeti giň orun alýar. Sungaty öwrenijileriň ýerine ýetiren kitap
işleri, ilki bilen ýokary okuw mekdebimizda okadylýan “Türkmenistanyň şekillendiriş
singatynyň taryhy”, “Çeper tankydyň taryhy”, “Çeper döredijiligiň psihologiýasy” we
başga-da sapaklar üçin okuw gollanmasy bolup hyzmat eder. Bu bolsa, biziň milli
sungat nazaryýetimiziň örüsini giňelder!
“Gujurly ýaşlar” sergisine gatnaşyp, ondan lezzet alan uçurymlarymyzy we
zehinli talyplarymyzy mähirli gutlaýaryn. Olara döredijilik äleminde uly üstünlikleri
arzuw edýärin!
Nurýagdy Ýagşymyradow,
Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň Ylmy işler boýunça prorektory
7