Page 6 - Gujurly 2019
P. 6
GUJURLY ÝAŞLAR
BAGTYÝARLYGYŇ WASPÇYLARY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow tarapyndan ýaşlarymyzyň okamagy, işlemegi, döretmegi we oňat
durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Mähriban Arkadagymyzyň
ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwlet maksatnamalarynda hem
türkmen ýaşlaryna uly orun berilýär. Çünki, Gahryman Prezidentimiziň bellemegine
görä, “Ýaşlar döwletimiziň daýanjydyr”. Alym Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş
beren köpsanly kitaplary döwletimiziň ösüp gelýän ýaşlary üçin esasy bilim we ylym
çeşmesi bolup hyzmat edýär. Şeýle-de döwrümiziň ösüşleriniň şaýady bolmak, ýagny
ýurdumyzyň dürli pudaklarynda açylyp ulanmaga berilýän edara-kärhanalaryň,
mekdepleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň we başga-da binalaryň toý-dabaralaryna
ýaşlarymyzy çagyrmak ýa-da yzygider geçirilýän halkara maslahatlaryna, medeniýet
günlerine, sergilerine, sport ýaryşlaryna we başga-da medeni maksatly çärelere
gatnaşdyrylmagy olaryň dünýägaraýyşlarynyň ösdürilmegine we watansöýüjilik
düşünjeleriniň berkemegine ýardam edýär.
Döwrümiziň bedew bady bilen çalt-depginde barýandygyny, indi biziň
hemmämiz oňat düşünýäris. Täze tehnologiýalaryň durmuşymyza ornaşdyrylmagy,
sanly bilim we ykdysadyýet baradaky döwlet maksatnamalarynyň giň gerim bilen
alnyp barylmagy Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň
okuw, döredijilik, ylym işleriniň döwrebap ýöredilmegine hem özüniň oňyn täsirini
ýetirýär.
2016-njy ýylyň ýaz aýlarynda ýokary okuw mekdebiniň rektory, Türkmenistanyň
sungatda at gazanan işgäri Ahatmyrat Nuwwaýewiň inisiatiwasy bilen “Gujurly ýaşlar”
atly proýekti döretmek we oňa iň zehinli ýaşlarymyzy çekmek baradaky pikirlerini
aýtmagy, biziň her birimizde şeýle pikiri, ýagny bir bada «wagtlaýyn joşgunlyk» diýip
kabul edildi. Sebäbi, 2016-njy ýyl “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly”
ady bilen halkymyz tarapyndan şygar edinilip işlenilýärdi. Biz hem mirasymyzy wasp
edýän eserleri döretmek üçin uly göwrümli işleri döretmegiň hyýalyna girişdik...
Indi görüp otursak, ynha dördünji gezek “Gujurly ýaşlar” atly ýaşlarymyzyň
toparlaýyn sergisiniň açylmagyna şaýat bolduk. Dört ýylyň içinde hamana on dört
ýylyň işini ýerine ýetiren ýaly agramly, gözüňi dokundyrýan nakgaşlyk we grafika,
heýkeltaraşlyk we keramika, haly we zergärçilik, arhitektura we dizaýn, sungatyň
nazaryýeti we taryhy boýunça äpet köp işler ýerine ýetirilipdir.
“Gujurly ýaşlar” toparynyň işi nähili netijeler berdi! Ilki bilen aýtsak, bu taslama
gatnaşan talyplar özlerini erkin suratkeşler we ussatlar hökmünde alyp bardylar.
Ikinjiden, zehinli talyplar özleriniň içinde gizlenip ýatan zehinlerini we başarnyklaryny
açyp görkezmäge giň mümkinçilikler aldylar. Üçünjiden, bäsleşik görnüşinde geçirilen
serginiň dowamynda özleriniň döreden eserlerine obýektiw, ýagny giňişleýin baha
bermäge çalyşdylar. Elbetde, bu ýagdaýlar talyp ýaşlarymyza özleriniň “Men” diýen
içki gizlenip ýatan düşünjelerini, ýagny erkini gözlemäge we bilmäge şert döretdi.
Indi, Döwlet çeperçilik akademiýasynda Zakirjan Babaýew, Aly we Baky
Sytdyhowlar, Gyzylgül Hudaýberdiýewa, Ogulsuraý Rozygulyýewa, Guwanç
Mämiýew, Kakageldi Patdykow we başga-da uçursyz zehinli talyplaryň ady
6