Page 4 - Gujurly 2019
P. 4
GUJURLY ÝAŞLAR
BAGTYÝARLYGYŇ WASPÇYLARY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň başda
durmagynda türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegine we onuň kämilleşmegine uly
üns berilýär. Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatyny, binagärligi we
dizaýny, sungaty öwreniş ylmyny ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemek, halkymyzyň
taryhyny, edebi we medeni mirasyny, milli däp-dessurlaryny, maddy we ruhy
gymmatlyklaryny gorap saklamak, ýurdumyzda we halkara giňişliginde wagyz etmek,
täze garaýyşly hünärmenleri taýýarlamak hem-de baý medeni mirasymyzy geljekki
nesillere ýetirmek wajypdyr. Ýurdumyzda alnyp barylýan “Türkmenistan – rowaçlygyň
Watany” ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Sergiler jaýynda birnäçe döredijilik sergileriň geçirilip durmagy ýaşlaryň sungatyň
dürli görnüşleri boýunça kämilleşmegine uly itergi berdi. Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynda “Gujurly ýaşlar” atly döredijilik sergisi 2016-njy ýyldan
bäri geçirilýän hem bolsa, bu ýyl onuň aýratyn tapawutlandyryjy özboluşlylygy
akademiýamyzyň ýaş uçurymlarynyň hem gatnaşmagydyr. Şeýlelikde ýurdumyzyň
ähli künjeklerinde zähmet çekýän uçurymlarymyz özleriniň döredijiliginiň dürli
taraplaryny sungat muşdaklaryna hödürlediler. 2019-njy ýylyň başynda “GUJURLY
ÝAŞLAR – 2019” atly döredijilik sergisine badalga berildi. Döwlet çeperçilik
akademiýasynda halypa şägirtlik ýörelgesi dowam edip, onda ýaşulylardan
Annadurdy Almämmedow, Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew, Kakageldi
Gurbangediýew, Aşirmuhammet Kulyýew, Dursunsolmaz Muhammedowa, Ogulabat
Muhatowa, Nurýagdy Ýagşymyradow we ýaş halypalardan Gülara Babaýewa, Azat
Myradow, Mämmet Ýarmämmedow, Amanmyrat Modyýew, Aýjan Kadyrowa we
beýleki halypalar özleriniň baý tejribesini ýaş suratkeşlere we sungaty öwrenijilere
geçirýärler.
Häzirki döwürde döredijilikli pikirlenip bilýän, nusgawy akademiýanyň hakyky
durmuş esaslaryny özleşdiren hünärmenleri ýetişdirmek halypa mugallymlaryň baş
wezipesidir. Bu sergide zehinli talyp ýaşlar öz saýlap alan hünärleri boýunça biri-
birlerinden tapawutlanýan eserleri bilen gatnaşýarlar. Çeperçilik akademiýasynyň
talyplary we ýaş uçurymlary özleriniň çeper eserlerinde we sungaty öwreniş işlerinde
türkmen taryhyna we edebiýatyna, tebigatyna, görnükli medeniýet we sungat
işgärlerine, bereketli topragymyzyň waspyna, medeni mirasyna ýüzlenipdirler.
Heýkeltaraşlyk kafedrasynyň talyplary bolsa, medeniýet ussatlaryň keşplerine
we sport temasyna aýratyn gyzyklanma bildirmek bilen golfçynyň, welosipedçiniň
umumylaşdyrylan keşplerini döretdiler. Ýaş heýkeltaraşlaryň eserleri dünýä akyl
ýetirmekde häzirki döwürde bedenterbiýede we sportda bar bolan gözelligi nygtamak
bilen, şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşleriniň has uly çuňňur many-mazmuna
eýe bolýandygyny aýdyň görkezýärler.
Ýaş binagärleriň taslamalarynda milli äheňleriň şöhlelenmesini diňe bir
desgalaryň çeper bezeginde däl-de, eýsem, giňişlik göwrümleriň ulanylyşynda
hem aýdyň görünýär. Olaryň taslamalarynda dürli akymlaryň we çeper usullaryň
sazlaşygyny görmek bolýar. Ýaş suratkeş-dizaýnerler döwrebaplyk, täzeçillik,
peýdalylyk we tygşytlylyk ýaly esaslaryna daýanýan önümleriň taslamalaryny,
4