Page 2 - Gujurly 2019
P. 2
Gujurly ýaşlar. – A., 2019
Katalog Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Gujurly
ýaşlar” toparyna degişli talyplaryň döredijilik sergisine bagyşlanýar. Sergi
hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýyly – “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany”
diýip yglan etmegine ýaş suratkeşlerimiziň we sungaty öwrenjilerimiziň janly
seslenmesini görkezýär. “Gujurly ýaşlar – 2019” atly sergide zehinli ýaşlaryň
ýylyň dowamynda alnyp barlan işleriň özboluşly hasabatydyr. Nakgaşçylyk we
taslama, Grafika, Heýkeltaraşlyk, Arhitektura, Dizaýn, Amaly-haşam sungaty,
Sungaty öwreniş kafedralaryna degişli talyplaryň we uçurymlaryň döredijilik
eserlerinde diýarymyzyň taryhy sahypalary, medeni mirasy, bu günki bagtyýar
döwri şöhlelendirilýär. Katalog 200-den gowrak işleriň fotosuratlaryndan, olar
baradaky maglumatlardan we sergi dogrusynda ýazylan makalalardan düzülýär.